Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlap, ýurdumyzyň çäginde “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.

Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeyle hem, Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Kinofestiwala  ýurdumyzyň çäginde hereket edýän döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler.

Döredilen filmler 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilip, “Aşgabat bahary” atly  kinofestiwalyň ýeňijileri 23-nji maýda şu ugurlar boýunça kesgitleniler: (Baş baýragy kinofestiwalyň heýkeli we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar)

  • Eminler toparynyň baýragy
  • Iň gowy režissýor
  • Iň gowy ssenariýa eseri
  • Iň gowy operatoryň işi
  • Iň gowy şekil döreden erkek keşbi
  • Iň gowy şekil döreden zenan keşbi
  • Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film

“Aşgabat bahary” atly kinofestiwalyna gatnaşmaga howlugyň!

Habarlaşmak üçin: Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň 49-37-01, 49-37-02 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz!