Uçýan awtoulaglary öndürmek üçin birnäçe ýyldan bäri iş alnyp barylýar. Nusgalyk görnüşde uçýan ulagyň çykanyna 10 ýyldan hem köp wagt geçdi. Birnäçe ýyldan bäri şeýle ulaglar ýörite meýdançalarda we şäher ýerlerinde synagdan geçirilýär. Ýük daşamaga niýetlenen kiçi görnüşli uçýan enjamlaryň sany barha artýar. «GKN Aerospace» atly kompaniýa 30-50 orunlyk uçýan ulaglary işläp taýýarlaýar. Merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän kompaniýanyň «Skybus» atly awtobusynyň dikligine uçup hem gonup biljekdigi aýdylýar. Gysga aralyga uçmaga niýetlenen awtobus şäheriçi ýolagçy gatnawynda ýeňillik döreder. Bilermenler ýol dyknyşygyny azaltjak bu ulagyň arzan bahaly boljakdygyna ünsi çekýärler. Nusgalyk görnüşdäki taslamany taýýarlamak üçin «Global Technology», «Swanson», «Pascal+Watson» we «Connected Places Carapult» ýaly birnäçe kompaniýalar hyzmatdaşlyk edýärler.
Jennet JORAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.