ABŞ-nyň Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Eş­li Wil­lan­syň «Wagt akyl­ly» («Ti­me Smart») at­ly ki­ta­byn­da bagt­ly bol­ma­gyň aň­sat ýol­la­ry sal­gy be­ril­ýär. Pro­fes­so­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, mu­nuň üçin her gün­de 30 mi­nut sarp et­mek ýe­ter­lik­dir. Yk­dy­sa­dy­ýet ug­run­dan bi­lim ber­ýän Wil­lans wag­ta äh­mi­ýet ber­ýän adam­la­ryň, pu­la äh­mi­ýet ber­ýän­ler­den has bagt­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär. Pro­fes­sor mu­ny en­çe­me ge­zek ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ran­dyk­la­ry­ny aýd­ýar. Pro­fes­sor «Dur­muş­da­ky or­nu­myz, ýet­mek is­le­ýän mak­sa­dy­myz nä­me-de bol­sa, hem­mä­niň edip bil­jek işi bar, köp pul wagt al­ma­ýan, haý­sy­dyr bir pul ta­lap et­me­ýän bu iş­ler has şa­dy­ýan, ma­ny­ly we gaý­gy–ala­da­syz ömür sür­mäge ýardam eder» – di­ýip bel­le­ýär. Ine, «Wagt akyl­ly» ki­ta­byn­da be­ril­ýän mas­la­hat­lar:
Gu­ra­ma­çy­lyk. Pro­fes­sor adam­la­ryň işi­niň gün­de­lik dur­mu­şy­nyň mer­ke­zin­de­di­gi­ne, ýagny esa­sy ala­da­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ne ün­si çek­ýär. Işiň ara­syn­da 5-10 mi­nut­lyk ara­kes­me be­rip, haý­sy işi ha­çan we nä­hi­li et­me­li­di­gi ba­ra­da pi­kir­len­me­li. Mu­nuň üçin taý­ýar­la­nan ki­çi­jik me­ýil­na­maňyz iş­le­ri­ňi­zi wag­tyn­da ýa-da has ir ta­mam­la­ma­ga ýar­dam eder.
Adam­lar bi­len ha­bar­la­şyp duruň! Köp­lenç gün­de­lik iş-ala­da­lar bi­len dost-ýar­la­ry­myz ýa-da ýa­kyn ga­ryn­daş­la­ry­myz bi­len ha­bar­laş­ma­gy ýa­dy­myz­dan çy­kar­ýa­rys. Boş wagt ta­pa­ny­myz­da ola­ra sms ýaz­mak ýa-da jaň et­mek si­ze ru­hy lez­zet be­rer. Şeý­le hem öň­ki su­rat­la­ry­ňy­za se­ret­me­giň hem peý­da­sy bar. Bo­lup ge­çen şat­lyk­ly pur­sat­la­ry ýat­la­mak ada­my ra­hat­lan­dyr­ýar.
Te­bi­ga­ta to­ma­şa ediň! Te­bi­gat bi­len bag­ly do­ku­men­tal film­le­re ýa-da gys­ga film­le­re to­ma­şa et­mek adam­la­ry şat­lan­dyr­ýar. 2017-nji ýyl­da ge­çi­ri­len bar­lag­da BBC-niň ýa­ba­ny te­bi­gat bi­len bag­ly taý­ýar­lan «Pla­net Earth II» («Ýer pla­ne­ta­sy II») do­ku­men­tal fil­mi­ne to­ma­şa eden­le­riň öz­le­ri­ni has şa­dy­ýan du­ýan­dyk­la­ry ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Se­bä­bi şeý­le film­ler adam­la­ryň bi­le­si­ge­li­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar. Wil­lans ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da te­bi­gat bi­len bag­ly wi­deo­la­ra to­ma­şa et­me­giň ýa­daw­lyk, ga­har­jaň­lyk we gaý­gy ýa­ly duý­gu­la­ry hem aýyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Dynç alyş gün­le­ri­ňi­zi me­ýil­leş­di­riň! Ýyl­lyk iş rug­sa­dyň­yz­da nä­çe gün dynç al­jak­dy­gy­ňyz ba­ra­da pi­kir­le­niň! Dynç alyş gün­le­rin­de et­jek iş­le­ri­ňi­zi me­ýil­leş­di­riň!
Gün­de­lik tut­mak: ABŞ-nyň Ro­çes­ter uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, gün­de­lik ýö­ret­mek duý­gu­la­ry­ňy­za hö­küm et­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bu bar­lag­da gün­de­li­giň esa­sy me­se­le­le­re has köp äh­mi­ýet ber­mä­ge hem ýar­dam ed­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Mun­dan baş­ga-da, gün­de­lik tut­mak ada­myň oňaý­syz pi­kir­ler­den sap­lan­ma­gy­na hem kö­mek ed­ýär.
Eş­li Wil­lans wag­ta äh­mi­ýet ber­me­giň adam­la­ry ga­ra­şy­ly­şyn­dan has köp be­gen­dir­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Mu­nuň üçin aý­ra­tyn wagt sarp et­me­giň ze­rur­ly­gy hem ýok.

Marýam UMAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.