Beýik Britaniýa Trans-Ýuwaş umman hyzmatdaşlygy (TPP) söwda şertnamasyna girýän ýurtlar bilen ylalaşyk gazanmagy maksat edinýär. Şu maksat bilen hökümet Beýik Britaniýanyň Ýuwaş ummany sebitiniň ösýän ykdysadyýetiniň düzümine girip, ýurduň çäklerinde iş orunlaryny artdyrmak maksady bilen dünýäniň iň uly erkin söwda bileleşikleriniň birine goşulmak üçin resmi taýdan ýüz tutdy.
Beýik Britaniýanyň daşary söwda ministri Elizabet Trass Ýaponiýadaky we Täze Zelandiýadaky kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ýurdunyň TPP-e goşulmak baradaky isleglerini mälim etdi. Bu baradaky resmi gepleşikleriň şu ýylyň dowamynda alnyp baryljakdygy bellenilýär.
Resminamada bellenilmegine görä, bu beýanat garaşsyz söwda döwletine öwrülen Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagynyň bir ýyllygyna gabat gelýär.
«Trans-Ýuwaş umman hyzmatdaşlygynyň söwda şertnamasyna goşulmak Beýik Britaniýanyň senagatynyň ykdysadyýeti üçin nyrhnamalary azaltmaga mümkinçilik berer, şeýle-de azyk senagatynda, awtoulag pudagynda, tehnologiýalar we hyzmatlar bazarynda täze mümkinçilikleri döreder, netijede bolsa ýurduň ähli ýerlerinde iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer» diýlip, ministrlikde bellediler.
Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlyga gatnaşyjylar bilen söwda dolanyşygy ýylda 111 milliard funt sterling bolup, 2016-njy ýyldan bäri ýyllyk ösüşi 8 göterime deň. Trans-Ýuwaş ummany hyzmatdaşlygyna Awstraliýa, Bruneý, Kanada, Çili, Ýaponiýa, Malaýziýa, Meksika, Täze Zelandiýa, Peru, Singapur we Wýetnam ýaly ýurtlar girip, olaryň jemi içerki önümi 9 trillion funt sterlinge barabardyr.