Özbegistanda Prezident saýlawlary şu ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ongünlüginiň birinji ýekşenbesinde geçiriler. Habar berlişi ýaly, bu mesele aşaky palatadaky syýasy partiýa toparlarynyň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan ozalky saýlaw dekabr aýynyň üçünji ongünlüginiň birinji ýekşenbesinde geçirilipdi.
Kanun taslamasy saýlaw gününi oktýabr aýynyň üçünji ongünlüginiň ilkinji ýekşenbesine üýtgetmegi teklip edýär. Bu üýtgetmeler tassyklanylsa, 2021-nji ýyla meýilleşdirilen Özbegistanyň Prezidentiniň saýlawlary şu ýylyň 24-nji oktýabrynda bolup biler. Indi kanun taslamasy Kanun çykaryjy palatanyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Parlamente iberen ýüzlenmesinde 2021-nji ýylda ýurtda Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýdyp, saýlawlaryň Milli kanunlar we hemmeler tarapyndan ykrar edilen halkara demokratik ýörelgeleri esasynda ýokary derejede gurnalmalydygyny belledi.
– 2021-nji ýylda halkymyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka bolup, ýurdumyzda Prezident saýlawlary geçiriler. Bu möhüm syýasy kampaniýanyň, ýurdumyzda syýasy we hukuk medeniýetiniň gyşarnyksyz ösüşini görkezjekdigine ynanýaryn – diýip, Şawkat Mirziýoýew belledi.
Özbegistanda Prezident saýlawlary her bäş ýyldan bir gezek geçirilýär. 2016-njy ýylda Respublikanyň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetiren Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutany wezipesine saýlandy.