Birleşen Arap Emirlikleriniň häkimiýetleri kanuna üýtgetmeler girizdi, oňa laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň käbir toparlarynyň raýatlyk alyp biljekdigi aýdylýar. Şeýle raýatlygy maýadarlar, oýlap tapyjylar, lukmanlar, alymlar we suratkeşler, şeýle-de olaryň maşgalalary alyp bilerler. Her kategoriýanyň öz talaplary bar. Arzalar ýerine ýetiriji häkimiýetler we hökümet tarapyndan gözden geçiriler.
Maýadarlaryň BAE-de gozgalmaýan emlägi ýa-da ýurduň ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan ygtyýarnamasynyň bolmalydygy bellenilýär. Özboluşly ylmy ugurlarda lukmanlar we inženerler işe alynmaly we raýatlaryň bu toparynyň 10 ýyldan gowrak iş tejribesi bolmaly. Şol düzgünler alymlara-da degişli bolup, olaryň abraýly baýraklara eýe bolmagy şertdir. Şeýlelik bilen, BAE-niň hökümeti ýurdy täze, has ýokary ösüş derejelerine çykaryp biljek zehinli adamlary çekmek isleýär.