Botswanada işleýän «Lucara Diamond» kompaniýasy Karowe magdanyndan agramy 378 karatlyk seýrek duş gelýän göwheri tapdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary munuň şu ýyl tapylan ikinji uly göwherdigini aýtdylar. Ýanwar aýynyň ortalarynda şol magdandan 341 karatlyk göwher tapyldy. Kompaniýanyň baş müdiri Eira Tomasyň pikiriçe, «iki daş hem hil taýdan birkemsiz».
Karowe magdany iri göwherleri bilen tanalyp, 2015-nji ýylda 1109 karat agramly daş,
2019-njy ýylda bolsa agramy 1758 karat bolan iň uly göwher tapyldy. Geçen ýylyň noýabr aýynda şol magdanda 998 karat agramly taryhda dördünji uly göwheriň tapylandygy habar berildi.