Öý tä­miz­li­gi wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň, me­bel­le­riň, ha­ly­la­ryň, aý­na­la­ryň we baş­ga-da öý ho­ja­ly­gy­na de­giş­li äh­li es­bap­la­ryň aras­sa bol­ma­gy, hu­su­san-da, otag­la­ryň hoş­boý ys­ly bol­ma­gy, ýö­ri­te ýu­wu­jy se­riş­de­ler bi­len öý goş­la­ry­nyň ýu­wul­ma­gy her bir öý bi­ke­si­niň esa­sy ala­da­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Mu­nuň üçin sa­tyn alyn­ýan, dü­zü­min­de hi­mi­ki go­şun­dy­la­ryň ag­dyk­lyk ed­ýän önüm­le­rin­den ga­ça du­rup, te­bi­gy su­wuk­lyk gör­nü­şin­dä­ki aras­sa­la­ýyş se­riş­de­le­ri­ni hem taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz. Öýüň aras­sa bol­ma­gy üçin kä­bir zat­la­ra üns be­ril­se, has aň­sat bo­lar.
Umu­my ter­tip­li­lik: tu­tu­la­ryň ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä, açyk ýa-da ýa­pyk, dü­şek­le­riň aras­sa we ter­tip­li bol­ma­gy otag­la­ry­ňy­zyň has hem aras­sa gö­rün­me­gi­ne ýar­dam eder. Bu­la­ry et­mek kyn däl.
Egin-eşik­le­ri­ňi­ziň ter­ti­bi: çyk­maz­dan ozal, ota­gy­ňy­za se­ren­jam be­riň, egin-eşik­le­ri­ňi­zi, ki­tap­dyr dep­der­le­ri­ňi­zi ýer­li-ýe­ri­ne go­ýuş­dy­ryň! Bar bol­sa, ki­tap ýa-da beý­le­ki tek­je­le­ri dü­ze­diş­di­riň! Maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň äh­li­si şu ter­ti­bi ýe­ri­ne ýe­tir­se, he­mi­şe öýüňüz aras­sa we ter­tip­li bo­lar. Egin-eşik­le­ri­ňi­zi ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Kir ýu­wu­jy en­ja­my­ňy­zy aýda bir gezek on bäş mi­nut­lyk eme­li ýa­sa­lan (bir bi­tin li­mo­nyň el­de sy­ky­lan su­wy) li­mon kis­lo­ta­sy­nyň er­gi­ni bi­len ýu­wul­sa, dö­räý­jek kä­bir teh­ni­ki nä­saz­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam be­rer.
Wag­tyn­da aras­sa­la­mak: ha­pa­la­nan is­len­dik za­dy ba­da-bat aras­sa­la­mak aň­sat bol­ýar. Na­har bi­şi­ri­len­de gaz pli­ta­sy­nyň üs­tü­ne na­har dö­kü­len bol­sa, ony li­mon­ly we sir­ke­li suw bi­len ýuw­sa­ňyz, aň­sat­lyk bi­len aras­sa­la­nar. Aş­ha­na­nyň po­lu­ny hem ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Şeýt­se­ňiz, onuň ýü­zün­de dö­räp bil­jek ýag­jy­mak gat­la­gyň eme­le gel­me­gi­niň öňü­ni alar­sy­ňyz. Ar­pa­ba­dy­ýa­ny we üzär­li­gi suw­a ezip eme­le ge­len su­wuk­ly­gy ýu­wu­jy se­riş­de hök­mün­de ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Bu se­riş­de di­ňe ha­pa­la­ry aýyr­man, aş­ha­na­ňyz­da ýa­kym­ly ys hem dö­re­der.
So­wa­dy­jy­ny aras­sa­la­mak: aş­ha­na­da iň köp ula­nyl­ýan ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan so­wa­dy­jy­da dür­li hil­li azyk önüm­le­ri sak­lan­ýar. Şo­nuň üçin her gün so­wa­dy­jy­ňyz­da­ky iý­mit­le­riň, esa­sa­nam, uzak möh­let­li iý­mit­le­riň, gök önüm­le­riň, et we et önüm­le­ri­niň sak­la­nyş hi­li­ne we de­re­je­si­ne hä­li-şin­di gö­zeg­çi­lik et­me­li. Na­har taý­ýar­la­nan­da, öý­de wag­ty ge­çip bar­ýan azyk önü­mi­niň bar­dy­gy­ny ýa-da ýok­du­gy­ny bil­me­li. Şeýt­se­ňiz, hem za­dy­ňyz za­ýa bol­maz, hem-de so­wa­dy­jy­ňyz aras­sa du­rar. So­wa­dy­jy­nyň için­de, tor­ba­nyň düý­bün­de ga­lan az muk­dar­da­ky gök önüm­le­r ýa-da mi­we­ler wag­ty ge­çip za­ýa­lan­ma­gy müm­kin. Wag­tal-wag­tal so­wa­dy­jy­nyň için­dä­ki zat­la­ryň äh­li­si­ni aý­ryp, aras­sa­la­ma­ly. Iň bol­man­da iki hep­de­den bir gezek li­mon­ly ýa-da ha­myr toz­ly suw bi­len ýu­wul­sa, so­wa­dy­jy­ňyzda ýa­kym­syz peýda bolmaz. Şeýt­se­ňiz, so­wa­dy­ja ag­ram düş­män ýe­ňil iş­lär. Bu bol­sa, onuň ula­nyş möh­le­ti­ni hem uzal­dar.