Ýer ýüzünde tehnologiýanyň ýaýbaňlanmagy bilen internet ulanyjylarynyň sany artýar. «Hootsuite» we «We Are Social» atly maslahat beriş kompaniýalary dünýäniň ilaty we internet ulanyjylary barada maglumat taýýarlady. Ine, internet barada taýýarlanan maglumatlaryň käbiri:
2021-nji ýylyň başynda dünýäniň ilaty 7,83 milliard adam bolup, BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bu görkeziji her ýylda 1 göterim ösýär. 2020-nji ýylyň başyndan bäri Ýer ýüzüniň ilaty 80 milliondan gowrak artypdyr.
Häzirki wagtda dünýäde 5,22 milliard adamyň el telefony bolup, tutuş ilatyň 66,6 göterimini düzýär. 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri smartfon ulanyjylarynyň sany 93 million artdy. Smartfon abunaçylarynyň umumy sany 72 million artyp, şu ýylyň başynda 8 milliarddan geçdi.
Häzirki wagtda dünýäde 4,66 milliard adam internetden peýdalanýar. Bu görkeziji global internetiň 59,5 göterimine deň bolup, geçen ýyldakydan 316 million sany köpdür.
Bütin dünýäde 4,20 milliard sosial media ulanyjysy bolup, bu görkeziji dünýäniň ilatynyň 53 göterimini düzýär. Şeýlelikde, dünýäde sosial media ulanyjylarynyň sany 50 göterimden geçdi. Soňky 12 aýda bu görkeziji 490 million artdy. Ulanyjy her gün ortaça 2 sagat 25 minutyny sosial ulgamlara sarp edýär. Umuman aýdanyňda bolsa, ulanyjylar her gün 7 sagadyny, ýagny hepdede 49 sagadyny internet üçin sarp edýär. Bu bolsa, internet üçin sarp edilýän wagtyň ýatylýan wagt bilen deňeçerdigini görkezýär.
Hünärmenler ýatmazdan 2 sagat öň telefon, telewizor, kompýuter ýaly elektron enjamlary öçürmegiň saglyk üçin peýdalydygyny belleýärler.
Azat OMADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.