Kim, ha­çan oý­lap tap­dy?

Il­kin­ji op­ti­ki mik­ros­ko­py ni­der­land­­ly äý­nek ön­dü­ri­ji Hans Ýan­sen hem-de onuň og­ly Za­ha­ri­as oý­lap tap­ýar. Mik­ros­kop göz bi­len gö­rüp bol­ma­jak de­re­je­däki ki­çi zat­la­ry – wi­rus­la­ry, bak­te­ri­ýa­la­ry, öý­jük­le­ri, atom­la­ry we beý­le­ki zat­la­ry has anyk gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ge­liň, mik­ro dün­ýä­ni has aý­dyň gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän mik­ros­ko­pyň açy­şy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ra ýa­kyn­dan se­re­de­liň!
Mundan bir­nä­çe asyr ozal Rim­li­ler or­ta­sy ga­lyň, gy­ra­la­ry ýu­ka, ýag­ny gü­ber­çek­li aý­na­nyň ji­sim­le­ri bol­şun­dan has uly gör­kez­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir­ler. Gü­ber­çek­li aý­na­nyň mer­ji­me­giň dä­ne­sin­e meň­zeş­li­gi se­bäp­li ola­ra la­tyn­ça­da mer­ji­mek diý­me­gi aň­lad­ýan «len­til» sö­zi bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, «lin­za» di­ýip at be­rip­dir­ler. Lin­za­la­ryň XIII asyr­da äý­nek ýa­sa­mak­da ula­ny­lyp baş­lan­ma­gy mik­ros­ko­pyň dö­re­dil­me­ginde il­kin­ji ädim­ bol­dy. Ýag­ty­ly­gyň şöh­le­si­ni döw­ýän, gy­ra­sy eg­ri lin­za­lar­dan mik­ros­kop ýa­sap bol­jak­dy­gy­na il­ki göz ýe­ti­ren äý­nek us­sa­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Ata­ly-ogul 1590-njy ýyl­da ýa­sa­lan lin­za­nyň ji­sim­le­ri az­da-kän­de ulald­ýan­dy­gy­ny, köp gat­lak­ly lin­za­lar ar­ka­ly ony has hem ulal­dyp bol­jak­dy­gy­ ba­ra­da pi­kir ed­ýär­ler. Olar lin­za­la­ry si­lin­di­riň içi­ne ýer­leş­dir­ýär­ler. Ne­ti­je­de, köp gat­lak­ly lin­za ji­sim­le­ri 10 es­se uly gör­kez­ýär. Bu en­jam il­kin­ji op­ti­ki mik­ros­kop ha­sap­lan­ýar.
Iň­lis aly­my Ro­bert Huk 1660-njy ýyl­lar­da Ýans­sen­le­riň ýa­san mik­ros­ko­py­ny lon­don­ly Kris­to­fer Ko­kuň kö­me­gi bi­len kä­mil­leş­dir­ýär. Huk öz ýa­san mik­ros­ko­py ar­ka­ly müň­ler­çe ji­si­mi we jan­ly or­ga­niz­mi ýa­kyn­dan öw­ren­ýär. Alym jan­ly or­ga­nizm­leriň ulal­dy­lan­da has tä­sin bo­lup gö­rün­ýän şe­kil­le­riniň su­ra­ty­ny 1665-nji ýyl­da «Microg­ra­pia» at­ly ki­ta­byn­da çap ed­ýär. Huk kö­me­le­giň bir gör­nü­şi­ni öw­ren­ýän ma­ha­ly ara­syn­da­ky boş­lu­ga «öý­jük» di­ýip at ber­ýär. Şeý­le­lik­de, bio­lo­gi­ýa yl­myn­da öý­jü­giň il­kin­ji kes­git­le­me­si peý­da bol­ýar.
Ni­der­land­ly An­to­ni wan Le­wen­guk 1670-nji ýyl­lar­da «Microg­ra­pia» ki­ta­byn­dan peý­da­la­nyp, tä­ze lin­za­la­ry dö­red­ýär. Bu lin­za­lar ar­ka­ly ji­sim­le­ri 270 es­se ulald­ýan mik­ros­kop­la­ry ön­dür­ýär. Le­wen­guk öz mik­ros­ko­py ar­ka­ly gö­ren mik­ro­or­ga­nizm­le­ri­niň jan­ly­dy­gy­na haý­ran gal­ýar. Iki asyr ge­çen­den soň­ra fransiýaly Lui Pas­ter bak­te­ri­ýa­la­ry ýa­kyn­dan öw­ren­ýär we mik­ro­or­ga­nizm­le­riň ke­sel­le­re se­bäp bo­lup bil­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da giň­den ula­nyl­ýan mik­ros­kop­lar 1000-2000 es­se ulal­dyp gör­kez­ýär. Op­ti­ki mik­ros­kop­lar­dan baş­ga-da dür­li aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan ýö­ri­te­leş­di­ri­len mik­ros­kop­lar hem bar.
Il­kin­ji elekt­ron mik­ros­kop 1930-njy ýyl­lar­da ne­mes fi­zi­gi Ernst Rus­ka ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu en­jam­lar bir mil­li­met­riň dört mil­li­on­dan bi­ri­ni anyk­lap bil­ýär.