UEFA “Aýaks” toparynyň derwezeçisi Andre Onana 12 aýlyk (1 ýyllyk) jerime berdi. Kamerunly derwezeçä jerimäniň doping bilen baglanyşykly düzgünlere gabat gelmeýän hereketleri edendigi üçin berlendigi habar berildi. UEFA-nyň degişli bölümi futbolçynyň 30-njy oktýabrdaky analizlerinde gadagan edilen “Furosemide” maddasynyň bardygyny anyklady. Jerimäniň ymykly tassyklanmagyndan soň 24 ýaşyndaky derwezeçi ne klubda, ne-de milli ýygyndyda hiç hili duşuşyk geçirmez.