Futbol äleminiň ýekeleýin gowşurylýan iň uly baýragy bolan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň dalaşgärleriniň hem-de ýeňijisiniň mälim ediljek güni habar berildi.
“France Football” žurnaly tarapyndan berilýän “Altyn top” baýragynyň bu ýylky dalaşgärleri geljek hepdäniň sişenbe güni, ýagny 8-nji sentýabrda mälim ediler. Şol gün 30 dalaşgär futbolçynyň ady sanawa alnar.
Baýragyň ýeňijisi bolsa 26-njy oktýabrda Londonda geçiriljek dabarada belli bolar.
Şu ýylyň hasabynda Usman Dembele, Hwiça Kwaresheliýa, Rodri, Harri Keýn ýaly futbolçylaryň atlary esasy dalaşgärler hökmünde agzalýar.
1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän “Altyn top” baýragyna Kristiano Ronaldo 18, Lionel Messi 16, Paolo Maldini 13, Ýohan Kroýff bilen Karim Benzema 12 gezek dalaşgär görkezildi.
Baýragy Lionel Messi 8, Kristiano Ronaldo 6, Mişel Platini, Ýohann Kroýff, Marko wan Basten 3 gezek eýeledi.
PDF








