5-nji fewralda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada ilkinji maksatlaryny mälim etdi. Ol öz çykyşynda Amerikanyň daşary syýasatynda diplomatiýanyň aýratyn orun eýelejekdigini tassyklady. Ol dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlardan başlap, howanyň üýtgemegi ýaramaz netijelerine çenli barha artýan global kynçylyklaryň diňe bilelikde işleýän ýurtlar tarapyndan çözülip bilinjekdigini belledi.
– ABŞ-nyň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy Waşingtonyň iň uly baýlygydyr. Diplomatiýa hyzmatdaşlarymyz bilen egin-egne bermek diýmekdir. Biz ygtybarlylygymyzy we abraýymyzy berkitmek ugrundaky tagallalarymyzy gaýgyrmaly däldiris – diýip, Jozef Baýden belledi. Onuň pikiriçe, Amerikanyň täze häkimiýeti halkara gatnaşyklaryny we ýurduň halkara derejesindäki ornuny has-da berkitmäge girişdi. Mundan başga-da, Prezident Baýden Amerikany howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşde öňdebaryjy bolmaga çagyrdy. Pandemiýa meselelerinde bolşy ýaly, bu hem global hyzmatdaşlygy talap edýär diýip, amerikan administrasiýasynyň başlygy belledi.