Dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli dünýäniň köp ýurdunda okuwlar onlaýn usulda geçirilip başlandy. Elbetde bu usulyň peýdaly taraplarynyň bolşy ýaly, käbir kynçylyklary hem bar. Ispaniýada okuwçylara we talyplara synaglar hem onlaýn ýagdaýda geçirilýär. Bu bolsa okuwçynyň synag wagty kitapdan ýa-da başga bir çeşmeden peýdalanmagyna şert döredýär. Munuň öňüni almak üçin synag wagtynda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň hereketlerine gözegçilik edýän ýörite programma işläp düzülýär. Ýörite platformada mugallym okuwçylaryň jogap bermeli soraglaryny düzüp bilýär. Şondan soň ulgam, tabşyryklara girmek üçin okuwçylaryň synag tabşyrmazdan ozal programmada şahsy hasabyny we parolyny girizip döretmeli. Programma okuwçynyň edýän ähli zadyny, ýazýan tizligini, näçe düwmä basanyny, kompýuteriň syçanjygynyň nähili hereket edendigini yzarlap bilýär. Adatdan daşary ýagdaýy programma mugallyma habar berýär. Şol wagt dessine mugallym okuwçynyň näme edýändigini barlamak üçin kamerany açyp bilýär. Bu programmanyň dünýäniň beýleki döwletlerinde hem elýeterli ediljekdigi mälim edildi.