Fransiýanyň paýtagty Pariždäki 140 ýyllyk taryhy guş bazarynyň ýapyljakdygy mälim edildi. Parižiň häkiminiň orunbasary Kristof Najowski öz beýanatynda bazary ýapmak kararyna gelendiklerini belledi. Şäher geňeşi taryhy bazaryň “garrylyk döwründedigini” ýagny, taryhy bazar hökmünde ýatlanjakdygyny aýdýar. Her ýyl dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän şäheri bolan Pariže gelýän jahankeşdeler bu bazara baryp görýärler. Parižiň guş bazary 1808-nji ýylda gül bazary ady bilen döredilipdir. Bu ýerde häzirki wagtda gül we janly balyk satylýar.