11 ýyl ozal esaslandyrylan “Blink” atly kompaniýanyň gymmaty gysga wagtda ýokary derejede artdy. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglara üçin zarýad beketlerini öndürýän we gurnaýan kompaniýanyň bazar nyrhy 8 aýda 3 müň esse ýokarlanyp, 2,17 milliard dollara ýetdi. “Blink Charging Co” atly kompaniýa “ýaşyl” energiýa pudagyna iş alyp barýar. Ýaşyl energiýa pudagyna paýdarlaryň we işewürleriň has köp maýa goýmagy bilen kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy gysga wagtda ýokarlanypdyr. Sebäbi, fiziki şahslar, kompaniýalar we maliýe edaralary energiýanyň bu görnüşine uly umyt baglaýarlar. Bu bolsa, şol pudaga has köp maýa goýum goýulmagyna şert döredýär. “Blink” şereketi elektroulaglaryň zarýad beketlerine eýeçilik edýär. “Raymond James & Associates” maliýe hyzmatlary kompaniýasynyň bilermeni Pawel Molçanow “ýaşyl” bazaryň entek kiçidigini we ösüşi üçin örän uly mümkinçiligiň bardygyny aýdýar.