ABŞ-nyň Merilend uniwersitetiniň hünärmenleri aňrysy görünýän tagta ýasadylar. Bu ugurda ozaldan bäri hem iş alnyp barylýardy. Täze taýýarlanan tagta içinden şöhläni geçirýär we aňrysyny görüp bolýar. Şeýle hem bu tagtalar ýylylygy has gowy saklaýar. Tagta selýulozadan hem-de lignin atly esasy iki birleşmeden emele gelýär. Hünärmenler lignin maddasynyň tagta goňur reňki berýändigini we şöhläniň geçmeginiň öňüni alýandygyny belleýärler. Dury tagtany döretmek üçin ilki onuň reňki agardyldy. Soňra bolsa, ululygy 1 metr, galyňlygy 1 millimetr bolan agaçdan edilen material peroksit wodorod erginine çümdürilenden soňra Gün şöhlesiniň aşagynda 1 sagat guradyldy. Soňra bolsa gaýyklary reňklemek üçin ulanylýan serişde bilen reňklendi. Netijede, şöhläniň 90 göterimini geçirýän material emele geldi. Amerikan hünärmenleriniň oýlap tapan bu materialynyň ýylylygy has gowy saklaýandygy sebäpli geljekde penjireleriň ýerine ulanylyp bilinjekdigi bellenilýär.