ABŞ-nyň elekt­rik aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy Hy­taý we Ger­ma­ni­ýa ba­za­ryn­dan soň­ra In­do­ne­zi­ýa bi­len gy­zyk­la­nyp baş­la­dy. Kom­pa­ni­ýa bu ýurt­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny öz­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. In­do­ne­zi­ýa­nyň Ma­ýa go­ýum we mag­dan mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Sep­ti­an Ha­rio Se­to kom­pa­ni­ýa­dan şeý­le tek­li­biň ge­len­di­gi­ni, ba­ta­re­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy hem-de ener­gi­ýa tyg­şyt­la­ma ugur­la­ryn­da ma­ýa go­ýum­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. In­do­ne­zi­ýa dün­ýä­de iň uly ni­kel ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ni­kel mag­da­ny elekt­rik aw­tou­lag­la­ry­nyň ba­ta­re­ýa­la­ryn­da esa­sy ma­te­ri­al­lar­dan bi­ri­dir.
Şeý­le hem ABŞ-nyň ýe­ne-de bir iri kom­pa­ni­ýa­sy «Ford» Gü­nor­ta Af­ri­ka­da­ky önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin bu ýur­da 1 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýar. Şeý­le­lik bi­len, bu ýurt­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 168 müň­den 200 müň bir­li­ge çen­li ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. «Ford» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­dä­ki esa­sy gar­şy­daş­la­ry «Volks­wa­gen», «Toyo­ta» we «Nis­san» hem Gü­nor­ta Af­ri­ka­da­ky ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de (ÝB) 2020-nji ýyl­da elekt­rik we gib­rid aw­tou­lag­la­rynyň sa­tu­wy art­dy we ola­ryň umu­my ba­zar­da­ky pa­ýy 22,4 gö­te­ri­me ýet­di. ÝB 2030-njy ýy­la çen­li 30 mil­li­on elekt­rik aw­tou­la­gy­ny ulan­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gini mä­lim edip­di we bu ugur­da­ky mak­sat­na­ma­sy­na kem-kem­den go­laý­la­ýar.

Oraz­gel­di ATA­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men
oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.