11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Milli Liderimiz M.Meredowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Abdrahmanowy belläp, ony Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz mejliside wise-premýer Ş.Abdrahmanowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň, özara bähbitli şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny aýtdy.
«Türkmennebit» döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyr, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmelidir.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmelidigini, täze halkara bazarlara çykmagyň logistik mümkinçiliklerini öwrenmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Täze gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny üpjün etmek, ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmak zerurdyr.
Wise-premýere ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde, gaznebithimiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünär derejeli işgärleri we ýaş hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmek hem tabşyryldy.
Milli Liderimiz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň nebitiň gorlaryny artdyrmak we täze nebitgaz ýataklaryny açmak babatda gözleg-barlag işlerine niýetlenen geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada aýdyp, hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegiň wajypdygyny belledi.
Nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýup, bu önümleri halkara bazarlara çykarmagyň ýollaryny we ugurlaryny giňeltmek zerurdyr. Şeýle hem önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, şonuň netijesinde bolsa şol önümleriň goşulan ýokary bahasyny artdyrmak möhümdir.
Milli Liderimiz ylmy-barlag institutlarynyň gazananlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyryp, şol edaralaryň bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmelidigini nygtady.