Geçen ýylyň tomsunda Mars planetasyna iberilen “Perseverance” kosmos gämisi ertir Gyzyl planeta baryp ýeter. Ýedi aý töweregi wagt ýol ýörän enjamy şowly gondurmak üçin häzirki wagtda ahyrky işler alnyp barylýar. Kosmos gämisi NASA-nyň “Jet Propulsion” laboratoriýasynda döredildi. Planetanyň ýüzüne gonduryljak alty tigirli robotyň agramy bir tonna, ululygy iki metre barabar. Ýaşaýşyň alamatlaryny gözlejek tigirli robot kameralar, sensorlar, radarlar, mikrofon we ýazgy enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu planeta robotyň ýany bilen kiçi görnüşli dikuçar hem iberildi. Marsda, şol sanda başga bir planetada uçuryljak ilkinji uçarmansyz enjam boljak bu dikuçar Mersy guşuçar belentlikden synlamaga mümkinçilik berer. Ýeri gelende aýtsak, “Perseverance” marsohodynda maglumat göterijide ýüzmüňlerçe adamyň atlary hem iberildi. Bu taslama taýýar edilende, isleg bildirýän adamlara Marsa gitmek üçin hyýaly petekler berildi. “Perseverance” bilen şol petekleri alanlaryň atlary hem iberildi. Ýeri gelende aýtsak, golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Hytaýyň kosmos gämileri hem Marsa barypdy.