18-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapyndan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi, bu kompaniýa Türkmenistan üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirýär.
Şeýle hem maýa goýumlary çekmek hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.