17-nji fewralda «Bagtyýar zaman» obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
S.A.Nyýazow adyndaky etrap demirgazyk welaýatyň iri obasenagat merkezleriniň biridir. Geçen ýyl bu ýerde pagtanyň 41,5 müň tonnadan gowragy, bugdaýyň 32 müň tonna golaýy öndürilip, ýeralmasynyň we beýleki ekinleriň bereketli hasyllary ýygnaldy.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi bölegini gurşap alan, dürli milletleriň dogan ýaly bolup, agzybirlikde ýaşaýan ýeri bolan bu etrap ata-baba oturymly gadymy mekanlaryň biri hasaplanýar.
Şeýle uly sylaga eýe bolmagy daşoguzly ildeşlerimiziň başyny göge ýetirdi. Şatlykly hem-de buýsançly waka mynasybetli Daşoguz welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Bagtyýar zaman» obasyndaky Medeniýet öýüniň töweregini gurşap alan çäreler etrabyň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylarynyň kalplaryna şatlyk paýlady. Bu ýerde türkmen ýaşaýşyna mahsus bezelen türkmeniň ak öýleri, ene-mamalarymyzdan gelýän el işleriniň sergisi, türkmen obasynyň ýaşaýşy ýaýbaňlandyrylan sahnalar myhmanlara özboluşly ylham berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly ösüşleri başdan geçirýän etrap diňe bir oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy etraplaryň biri bolman, beýleki ulgamlarda hem uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Onuň aýdyň mysalyny soňky birnäçe ýylyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda gurlan ykdysady, durmuş we medeni gurluşyklaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök önümler, ir-iýmişler halkymyza ýetirilýär. Etrabyň ussat daýhanlary ekerançylygyň ähli görnüşleri boýunça zähmet çekip, etrapda her ýyl pagtanyň, bugdaýyň, gök-bakja, miwe önümleriniň bereketli hasylynyň kemala gelmegine goşant goşýarlar. Geçen ýyl hem ekerançylyk önümleriniň ähli görnüşleri boýunça ýokary netijeleri gazanmagy başaran etrabyň medeni, durmuş, sport, bilim pudaklaryndaky ösüşleri aýratyn bellärliklidir. Soňky ýyllarda medeni, durmuş, sport ulgamlaryna degişli gurluşyklar etrabyň iň çetki obalaryny hem gurşap aldy. Bu zatlaryň netijesinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda halal zähmet çekeniň gadyry bilinýär. Ildeşlerimiz halkymyz barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş hem-de hoşallyk sözlerini dillerinde sena edinip, täze zähmet üstünliklerine ýetmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Hasylçy» geňeşliginiň hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanalar welaýatyň gök we bakja önümçiliginde ygtybarly orun eýeleýärler. «Altyn gala» we «Altyn tug» hususy kärhanalaryna degişli bolan bu toplumlarda ýylyň ähli pasyllarynda pomidoryň, ýertudananyň we bolgar burçunyň bol hasyly ýetişdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde gurlan hem-de hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan «Bagtyýar zaman» obasy döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk gelýän nusgalyk işleriň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Toplumyň umumy meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde jemi 1496 maşgala niýetlenen 70 sany dört gatly jaýlar gurlar.
Toplumyň çäginde Saglyk merkezi, göwnejaý enjamlaşdyrylan 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler.
Häzirki wagtda etrapda orta mekdepleriň 63-si bolup, olar ylym-bilime höwesiň, täze eýýamyň beýik ruhuny älem-jahana ýaýyp, öwretmegiň, öwrenmegiň, okamagyň, gurmagyň hem döretmegiň gözel ojagyna öwrülýärler. Şeýle-de, etrabyň Medeniýet daýhan birleşiginde 600 orunlyk täze orta mekdebiň gurluşygy tamamlaýjy ýagdaýda dowam edýär. Bu ajaýyp işler ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine göterilýändigini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, bu ulgamda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Etrabyň çäginde hereket edýän jemi 9 sany çagalar baglarynda körpelere döwrüň ruhunda kämil terbiýe berilýär.
Etrabyň çägindäki hassahanada, 46 sany oba saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ilatyň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça lukmançylyk hyzmatlary amal edilýär. Medeniýet merkezi, 10 sany medeniýet öýi ilatyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlar sport mekdepleriniň 3-sine, sport desgalarynyň 2-sine gatnaýarlar. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň merkezi kitaphanasy welaýatyň çägindäki beýleki kitaphanalar bilen elektron ulgamyna birleşdirildi. Onuň oba ýerlerindäki şahamçalarynyň 3-siniň okyjylary hem öz isleg bildirýän kitaplaryny şol ulgam arkaly okamak mümkinçiligine eýe boldular.
Ýurdumyzy gurşap alan döredijilikli zähmetiň, bagtyýarlygyň, egsilmez eşretleriň ruhunda ösýän, özgerýän, etrabyň gözel görki ak bagtyň şuglasy bolup nur saçýar. Bu gözel dowamat döwletli ojaklara rysgal-bereket eçilýär, ähli gowulyklardan nesibeli adamlaryň kalbyna mähir paýlaýar. Bu ajaýyplyklar bir ýere jem bolup, täze döwre buýsanmak duýgusyny döredýär.
Aýjemal Weýisowa,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje
adyndaky etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.