Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ada­myň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, uzak ýa­şa­ma­gy­na we dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän esa­sy ýö­rel­ge­dir. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­niň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän hal­ky­my­zy ru­hu­be­lent­lik­de zäh­met çek­mä­ge hö­wes­len­di­rip, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak­la­ry­na iter­gi ber­ýär. Sport we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, adam öm­rü­niň äh­li dö­wür­le­rin­de he­re­ket­de bol­ma­gy sag­ly­ga oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Şun­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da her bir yn­sa­nyň be­den taý­dan berk hem-de sag­dyn bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni hal­kyň is­le­gi­ne öwür­mek, sag­dyn jem­gy­ýe­ti ter­bi­ýe­le­mek üçin giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

HER ÄDI­LEN ÄDIM ADA­MY
SAG­DYN­LY­GA ALYP BAR­ÝAR
Ada­myň sag­ly­gy­nyň ber­ke­me­gin­de ýö­re­me­giň hem peý­da­sy köp­dür. Ýö­re­mek adam üçin he­re­ket et­me­giň iň te­bi­gy usu­ly we fi­zi­ki iş­jeň­li­giň iň el­ýe­ter­li hem-de ýö­ne­keý gör­nü­şi­dir. ABŞ-nyň Ke­sel­le­re gö­zeg­çi­lik we öňü­ni alyş mer­kez­le­ri ulu­la­ra hep­de­de azyn­dan 2,5 sa­gat or­ta­ça ae­rob fi­zi­ki iş­jeň­lik (şol bir dep­gin­de ýö­re­mek) bi­len meş­gul­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Bel­li bir dep­gin­de ýö­re­me­giň sport gör­nü­şi hem bo­lup, ol ýe­ňil at­le­ti­ka ug­ru­na de­giş­li bo­lup dur­ýar.
Bu sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin hiç hi­li en­jam ge­rek däl, eşik we aýak­gap ýe­ke-täk ta­lap bo­lup, onuň amat­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär. Ýö­re­me­giň beý­le­ki peý­da­la­ry hem sa­nar­dan köp. ABŞ-nyň Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň luk­man­çy­lyk mek­de­bi­niň web sa­hy­pa­syn­da­ky mag­lu­ma­ta gö­rä, ýö­re­mek ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni, gan ba­sy­şy­ny we da­mar güý­jü­ni dur­nuk­laş­dyr­ýar. Ýö­re­mek yl­ga­mak­dan has go­wu­dyr, se­bä­bi şi­kes ýet­mek how­py az.
Fi­zi­ki iş­jeň­li­giň bu gör­nü­şi, pi­kir edi­şi­miz­den has köp ka­lo­ri­ýa ýak­ýar. Bu ba­ra­da­ky ha­sap­la­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, adam­la­ryň or­ta­ça tiz­lik bi­len ýö­rän­le­rin­de 10% ka­lo­ri­ýa, or­ta­ça tiz­lik­de sport ýö­ri­şi­ni ama­la aşy­ran­da 20% köp ka­lo­ri­ýa ýak­ýan­dy­gy anyk­lan­dy.
Py­ýa­da ýö­re­me­giň ýe­ne bir peý­da­ly ta­rap­la­ry­nyň bi­ri ýü­rek ke­se­li­niň öňü­ni al­ýan­ly­gy­dyr. Şeý­le hem süý­ji ke­se­lin­den we gi­per­to­ni­ýa­dan go­ra­ýar. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, gün­de­lik ge­ze­lenç sag­ly­gy­ňy­za uly go­şant goş­ýar.
Ýö­re­mek ag­ra­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän ze­nan­lar üçin has peý­da­ly­dyr. Gün­de her goş­ma­ça müň ädim se­miz­lik tö­wek­gel­çi­li­gi­niň 13% azal­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Adam ýö­rän wag­ty 200-e çen­li myş­sa he­re­ket ed­ýär.
1 ki­lo­metr ýol geç­mek üçin adam tak­my­nan 1205 ädim äd­ýär.
Ýö­re­me­giň ýe­ne-de bir gör­nü­şi bo­lan ta­ýak­ly ýö­re­mek (Skan­di­naw ýö­ri­şi) sag­ly­gyň umu­my ýag­da­ýy­ny sak­la­mak we be­den iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin örän peý­da­ly ha­sap­la­nyl­ýar.
Ýö­re­me­giň bu gör­nü­şi ada­ty ýö­re­mek­den 40% köp ka­lo­ri­ýa ýak­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Skan­di­naw ýö­ri­şi 1997-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa­nyň dur­muş-sag­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da ýö­re­me­giň bu gör­nü­şi bi­len dün­ýä­de 14 mil­lio­na go­laý adam meş­gul­lan­ýar.
Ýo­kar­da bel­le­ni­lip ge­çi­li­şi ýa­ly, ada­ty ýö­re­mek hem adam sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ola­ryň aba­dan­çy­ly­gy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak, adam öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak ba­bat­da uly iş­le­ri alyp bar­ýan hormatly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň ila­ty­na sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ba­bat­da nus­ga bo­lup dur­ýar. Milli Liderimiziň skan­di­naw ýö­ri­şi bi­len meş­gul­lan­ma­gy ila­ty­my­zyň ýö­re­me­giň şu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na hem giň müm­kin­çi­lik dö­ret­di.
Il sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bo­lup, be­lent mak­sat­ly tu­tum­la­ry ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gan­dym ÇE­TI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.