Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen biziň ýurdumyzda hem ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň tassyklan 2025-nji ýyla çenli niýetlenen Konsepsiýa amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly «ýol kartasy» bolup durýar.
Şonuň esasynda milli Liderimiz bu ulgamyň işini çaltlandyrmak maksady bilen Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesini girizmek babatdaky taryhy çözgüdi kabul etdi. Täze wise-premýeriň wezipesiniň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmekden hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybarat bolmalydygyny nygtan milli Liderimiziň bu çözgüdi sanly ulgama has köp ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň IT tehnologiýalary peýdalanmagyň, täze önümçiligiň düzümlerini döretmegiň ýoly bilen çözülmelidigini yzygyderli nygtaýar.
Ykjam telefon, töleg terminallary, internet üpjünçilik ulgamy arkaly töleg geçirmek mümkinçilikleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň birnäçe düzümleri bütindünýä internet ulgamyna birikdirildi. Aýratyn-da, bu işde müşderilere sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini hödürleýän döwlet maliýe guramalary işjeňlik görkezýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzyň her bir raýaty ykjam we beýleki telefonlaryň, IP telewideniýäniň, internetiň tölegini geçirmäge, alnan karz serişdelerini tölemäge mümkinçilik aldylar.
Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagynda internet torunyň ähmiýeti has uludyr. Şonuň üçin milli Liderimiziň internetiň we beýleki aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasyna gaýtadan seredilmegi, şeýle hem Internetiň ilat üçin elýeterliliginiň üpjün edilmegi babatda beren tabşyryklary esasynda ilatymyza berilýän internetiň hyzmatlaryndan çäksiz peýdalanmagyň bahasy ep-esli arzanladyldy.
Şäherleriň, welaýatlaryň etraplarynyň ilaty, döwlet kärhanalary we guramalary, hususy telekeçiler hem-de ylym we bilim edaralary üçin aýry-aýry nyrhnamalar arzanladyldy. Bahalaryň ortaça 22 göterimden 52 göterime çenli arzanladylmagy ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli töleg ulgamynyň has-da kämilleşmegine şert döreder. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýan nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmak baradaky tabşyryklary hem sanly ulgamy, hususan-da töleg ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga ähmiýet berilmelidiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly tabşyryklaryna laýyklykda, ylmyň hem bilimiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak, talyplardyr aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy-barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmek bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklarynyň arasynda uzagara okuw maksatnamalary ýola goýuldy.
Ýurdumyzyň dördünji tehnologik rewolýusiýasyna tapgyrlaýyn aralaşýan döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrmagyň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşinde täze üstünlikleriň berk binýady bolup hyzmat eder.
Tawus ATAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.