Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa­da­ky ştab-ka­war­ti­ra­syn­da ni­ge­ri­ýa­ly ze­nan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la­ gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Ni­ge­ri­ýa­nyň öň­ki ma­li­ýe mi­nist­ri Okon­jo-Iwea­la il­ki bi­len dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan soň dün­ýä söw­da­sy­ny di­kelt­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de COVID-19 bi­len gö­reş­ bo­ýun­ça glo­bal ta­gal­la­la­ry güýç­len­dir­me­giň gu­ra­ma­nyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Okon­jo-Iwea­la şu gün­ki gün­de gu­ra­ma­nyň köp san­ly me­se­le­ler bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýan­dy­gy­ny, di­ňe bi­le­lik­de ut­gaş­dy­ry­lan iş­le­riň BSG-ni has güýç­li, has iş­jeň we hä­zir­ki ýag­daý­la­ra uý­gun­laş­dy­ryp bil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
– BSG-niň bü­tin ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu we­zi­pä af­ri­ka­ly bir ze­na­nyň bel­len­me­gi gu­ra­ma­nyň işin­dä­ki uly öňe­gi­diş­lik­dir – di­ýip, Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la aýt­dy.
Gut­lag ha­ty­ny ýol­lan Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen pur­sa­tyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň BSG-dä­ki öz­ge­riş­lik­le­ri gol­da­ýan­dy­gy­ny we düz­gün­le­re esas­lan­ýan köp­ta­rap­la­ýyn söw­da ul­ga­my­ny go­ra­ma­ga kö­mek et­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Ni­ge­ri­ýa­da dog­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk et­jek il­kin­ji ze­nan we il­kin­ji af­ri­ka­ly bol­dy. 1-nji mart­da we­zi­pe­si­ne gi­riş­jek Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la 2025-nji ýy­lyň aw­gus­ty­na çen­li iş­lär. Ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy hök­mün­de Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Ban­kyn­da 25 ýyl do­lan­dy­ry­jy mü­dir bo­lup iş­le­di. Ge­çen ýy­lyň 31-nji aw­gus­tyn­da BSG-niň öň­ki baş­ly­gy Ro­ber­tu Aze­we­du möh­le­ti gu­tar­man­ka iş­den çe­ki­len­den soň­ra, baş di­rek­to­ryň we­zi­pe­si boş ga­lyp­dy.
Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy – hal­ka­ra söw­da­ny er­kin­leş­dir­mek we ag­za döw­let­le­riň söw­da we sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­mak üçin 1995-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da dö­re­di­len hal­ka­ra gu­ra­ma­dyr. BSG – bu köp­çü­lik­le­ýin pi­kir alyş­ma­lar we gep­le­şik­ler ge­çi­ri­len­de hal­ka­ra söw­da­sy­nyň ka­da­la­ry dö­re­dil­ýän we onuň ýo­lun­da­ky päs­gel­çi­lik­le­ri azalt­mak me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­ýän fo­rum­dyr. Bu gu­ra­ma 1947-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Že­ne­wa­da 23 ýurt ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len Nyrh­na­ma­lar we söw­da ba­ra­da­ky umu­my şert­na­ma­nyň mi­ras­dü­şe­ri bo­lup dur­ýar. BSG 1995-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da res­mi taý­dan esas­lan­dy­ryl­ýar. Hä­zir bu gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne 160-a go­la­ý döw­let­ gir­ýär, o­la­ryň 25-den gow­ra­gy bol­sa syn­çy de­re­je­si­ne eýe­dir.