Italiýanyň täze hökümeti. Ýewropanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Mario Draginiň ýolbaşçylygyndaky Italiýanyň täze hökümetiniň agzalary Prezident Serjo Mattarellanyň gatnaşmagynda kasam kabul etdi. Dabara Prezidentiň Kwirinalsk köşgünde geçirildi. Premýer-ministr we ministrler Italiýanyň abadançylygy üçin hyzmat etjekdiklerine kasam edip, degişli resminamalara gol çekdiler. Esasy wezipeleriň köpüsini öňki Premýer-ministr Juzeppe Konteniň hökümetiniň ministrleri eýelediler. Juzeppe Konte 26-njy ýanwarda işinden çekilýändigini mälim edipdi.
G7 sammiti onlaýn geçiriler. «Uly ýedilik» toparynyň (G7) döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy 19-njy fewralda wideokonferensiýa arkaly geçiriler. «Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garşy göreş we dünýäde sanjymlaryň adalatly paýlanmagy esasy mowzuklaryň biri bolar» diýlip, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň edarasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda bellenilýär. Onlaýn maslahatda Boris Jonsonyň «Uly ýediligiň» ýolbaşçylaryny pandemiýa garşy bitewi global çemeleşmäniň üstünde işlemäge çagyrjakdygy habar berilýär.
Baş müdirlikden çekiler. Jeff Bezos «Amazon»-yň baş müdiri wezipesinden çekiler. Ol diňe direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesini ýerine ýetirer. Bu kompaniýany «Amazon Web Services»-iň ýolbaşçysy Andy Ýassiniň dolandyrjakdygy habar berilýär. Bu özgerişlikler şu ýylyň üçünji çärýeginde amala aşyrylar diýlip, kompaniýanyň resmi beýanatynda mälim edilýär. Bezos kompaniýany 1994-nji ýylda esaslandyrdy. 30 ýylda «Amazon»-y bir milliondan gowrak işgäri bolan iň uly onlaýn dükanyna öwrüp, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyna girdi.
Gündogar Aziýa öňde barýar. Gündogar Aziýa ýurtlary eksportunyň ösüşi we dünýä bazaryndaky paýynyň ýokarlanmagy bilen ykdysadyýetini dikeltmekde öňde barýar. Bu barada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça halkara guramasy ÝUNCTAD mälim etdi. 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde bu ýurtlar haryt söwdasynyň ösüşi arkaly dünýä söwdasyny öňe ilerletmegiň hötdesinden geldiler. Hasabata görä, geçen ýylyň dördünji çärýegindäki gaýtadan dikeldişe Gündogar Aziýanyň dünýäniň ösýän ýurtlaryna haryt eksporty we importy sebäp bolupdyr.
Hyzmatlary sanlylaşdyrylýar. Mongoliýa jemgyýetçilik hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagyny barha işjeňleşdirýär. Bu barada Premýer-ministr L.Oýun-Erdene hökümet ýygnagynda mälim etdi. Şu günki günde geçen ýyl işe girizilen portal E-Mongoliýa ykjam programmasy arkaly «bir penjireden» 180-den gowrak jemgyýetçilik hyzmatlary halka hödürlenýär. Mongol raýatlary öz smartfonlary arkaly ähli zerur jemgyýetçilik hyzmatlaryny erkin alyp biler ýaly, şu ýylyň dowamynda olaryň sanyny 592-ä ýetirmek meýilleşdirilýär.
Synlaýyş çarhy gurlar. Müsürde ägirt uly synlaýyş çarhy gurlar. 120 metrlik «Cairo Eye» («Kairiň gözi») ýurda 500 million funda ýa-da 32 million dollara düşer. Afrika yklymynyň çäklerinde iň uly we dünýäde bäşinji ýerde boljak synlaýyş çarhy Nil derýasynyň kenaryndaky Zamalek sebitinde gurlar. Jemi 48 kabina abzallaşdyrylyp, olaryň her biri alty-sekiz adamy göterip biler. Bu ýere gelýänler 50 kilometre çenli aralykdan Kairiň gözelliklerini synlap bilerler. «Cairo Eye» indiki ýyl açylar. Ýylda iki ýarym million töweregi adam bu attraksiona baryp biler.
Hytaý lukmançylygyny ösdürmekçi. HHR-iň döwlet Geňeşiniň edarasy tarapyndan neşir edilen resminama laýyklykda, ýurt gadymdan gelýän lukmançylyk ugry boýunça umumy bilimi gowulandyrmak, maliýe goldawyny ýokarlandyrmak we bu ugry günbatar lukmançylygy bilen utgaşdyrmak arkaly onuň ösüşine itergi bermegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, Hytaý gadymy lukmançylygyny ösdürmek maksady bilen birnäçe taslama esasynda , okuw we bu ugurda ulanylýan çig malyň hilini ýokarlandyrmak ýaly ugurlara esasy ünsüni gönükdirýär.