Kompýuterleriň, smartfonlaryň we beýleki elektron enjamlaryň köpelendigine garamazdan, kitabyň çap edilen adaty görnüşini okamagyň lezzeti başga. Şol sebäpli adaty kitaplaryň we kitaphanalaryň muşdagy hemişe köp. Islendik şäheriň esasy köçelerinde kitap dükanlary iň gelim-gidimli ýerleriň hatarynda durýar. Dünýäniň käbir ýerlerinde bolsa kitap şäherçeleri bar. O diýen uly bolmadyk ilatly ýerler kitap dükanlarynyň köplügi bilen görenleri haýran galdyrýar. Bu şäherçelerde kitap şüweleňleri we sergileri hem geçirilýär. Bu makalamyzda size kitap şäherçeleriniň käbiri baradaky maglumatlary size ýetirýäris.
Haý-on-Waý: Beýik Britaniýadaky bu şäherçede häzirki wagtda käbir ugurlara ýöriteleşen kitap dükanlarynyň 26-sy bar. Kitap şäherini döretmek pikirini 1960-njy ýyllarda şäheriň ýaşaýjysy Riçard But orta atypdyr. Şol ýyllar şäheriň ilaty azalan eken. Riçard But boş öýleri we iş ýerlerini kitap dükanyna öwürýär. Wagtyň geçmegi bilen bu ýerde kitap şüweleňleri geçirilip başlanýar. Her ýylda şäherde müňlerçe adamy özüne çekýän ýazyjylaryň, suratkeşleriň we sazandalaryň gatnaşmagyndaky festiwallaryň birnäçesi geçirilýär.
Jinboço: Bu kitap şäherçesi Tokioda 1800-nji ýyllarda açylan birnäçe uniwersitetiň töwereginde ýerleşýär. Hakusan şaýolynyň çatrygyndaky şäherçede öňdebaryjy neşirýatlaryň dürli dillerde çap edilen täze we ozal ulanylan kitaplaryny satýan dükanlaryň onlarçasy bar.
Paju: Günorta Koreýanyň paýtagty Seuldan, takmynan, bir ýarym sagat uzaklykda ýerleşýän Pajuda 250 neşirýat bar. Bu ýerde 10 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Şäherde, esasan, koreý, iňlis we ýapon dilinde çap edilen kitaplar satylýar. Bu ýerdäki sergi meýdançalaryndaky çeperçilik galereýalarynda her ýylyň tomus aýlarynda dürli sergiler guralýar. Şeýle hem bu ýerde gije-gündiz açyk durýan kitaphana tölegsiz hyzmat edýär.
Sankt-Pýer de Klage: Şweýsariýanyň günortasyndaky Rona jülgesindäki bu obanyň ýaşaýjylary, esasan, üzümçilik bilen meşgullanýar. Rim döwründen gözbaş alýan gadymy taryhy bolan obada 1700-1800-nji ýyllarda gurlan ymaratlar saklanyp galypdyr. Bu ýerde her ýylda Sankt-Pýeriň kitap festiwaly geçirilýär. Oňa diňe bir şu obanyň ýaşaýjylary gatnaşman, başga ýerlerden hem kitap satyjylary gelýär. 20 müňden gowrak adam bolsa kitap şüweleňiniň myhmany bolýar.
Redu: Belgiýanyň Ardennes sebitindäki bu ýeri şäherçäniň ýaşaýjysy Noel Anselot kitap şäherine öwrüpdir. Häzirki wagtda Ýewropanyň iň gadymy kitap şäherçeleriniň biri bolan Reduwyň 500 töweregi ilaty bar. Noel Anselot dogduk mekanynda kitap temaly syýahatçylyga ösdürmek üçin kitap satyjylara bu ýerde dükan açmagy teklip edipdir. Onuň bu asylly tagallalary şowly netije beripdir. Bäş ýylyň içinde Reduda taryhy eserlerden başlap, şorta sözli kitaplara çenli birnäçe tematiki kitaplara ýöriteleşdirilen dükanlar açylýar.
Mandal: Norwegiýadaky bu kitap şäherçesinde kitap almak we okamak bilen çäklenilmän eýsem, 10 minut çemesi aralykda ýerleşýän ajaýyp buzluklary synlamaga gezelenç etmäge mümkinçilik berýän köl hem bar. Mundan başga-da buzluk muzeýi, gadymy agaç myhmanhanasy jahankeşdeleri haýrana goýýar. Kitaplar kafelerde, ammarlarda, hatda awtobus duralgasynda satylýar.
Hobart: dünýäniň dürli ýurtlarynda Haý-on-Waýy nusga alýan kitap şäherçeleriniň köpüsi bar. Nýu-Ýorkuň 500 adamlyk Hobart şäherçesinde, esasan, ýaşuly okyjylara niýetlenen kitaplaryň satylýan dükanlary bar. Güýz aýlarynda bu ýerde dürli ýaryşlar, leksiýa görnüşdäki amaly sapaklar geçirilýär. Şeýle hem ýazyjylaryň gatnaşmagynda dürli çäreler, konsertler guralýar, sowgatly ýaryşda üstün çykanlara kitap sowgat edilýär.