Nä­me üçin öz se­si­miz özü­mi­ze üýt­ge­şik eşi­dil­ýär? Mu­ny öz sesiňizi ýaz­gy en­ja­myn­da diň­lä­niňde du­ýup bol­ýar. Bu ha­dy­sa dü­şün­mek üçin il­ki bi­len nä­hi­li eşid­ýän­di­gi­miz hak­ynda bil­me­li.
Ses ho­wa­da ba­syş tol­kun­la­ry­ny eme­le ge­ti­rip ýaý­ra­ýar. Eşidil­ýän ses tol­kun­la­ry gulagymyzyň içi­ne gi­rip, iç­ki gu­lak­da­ky öý­jük­ler ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­ýär. Ses di­ňe ga­ty zat­la­ra de­ge­nin­de ýaň­lan­ýar. Me­se­lem, dag­la­ryň kert ga­ýa­la­ry­nyň bel­li bir de­re­je­de uzak­ly­gy­na gy­gy­ry­lan­da, bi­raz wagt­dan ses ýaň­la­nyp özü­mi­ze eşi­dil­ýär. Ses tol­kun­la­ry ga­ty, su­wuk we gaz ha­lyn­da­ky mad­da­lar­dan ge­çip bil­ýär. Em­ma ho­wa­syz boş­luk­dan geç­me­ýär. Be­de­ni­mi­ziň eşi­di­şi­ne we de­ňag­ram­ly­ly­gy­na jo­gap ber­ýän gu­lak­la­ry­myz bu ses tit­re­me­le­ri­ni al­ýar, beý­ni­mi­ze ge­çir­ýär we ka­bul edip bol­jak ha­bar­la­ra öwür­ýär. Bu ses­le­riň hem­me­si daş­ky gur­şaw­dan dur­nuk­ly ka­bul edil­me­gi­ne, beý­ni­mi­ze gö­nü­den-gö­ni ýaý­ra­ma­gy­na gu­lak­la­ry­my­zyň ka­da­ly iş­le­ýiş pro­se­si­ne bag­ly­dyr. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, gu­lak­la­ry­myz üç bö­lek­den yba­rat: daş­ky, or­ta we iç­ki gu­lak. Bu üç bö­le­giň sazlaşykly ut­gaş­ma­gy ne­ti­je­sin­de ses ýü­ze çyk­ýar.
Daş­ky gu­lak ses tol­kun­la­ry­ny ýyg­na­ýar we or­ta gu­la­ga gö­nük­dir­ýär. Or­ta gu­lak ses tol­kun­la­ry­ny daş­ky gu­lak­dan iç­ki gu­la­gyň su­wuk­lyk­la­ry­na geç­ýän me­ha­ni­ki ba­syş tol­kun­la­ry­na ge­çir­ýär. Iç­ki gu­lak (kok­lea) ba­syş tol­kun­la­ry­ny beý­ni­mi­ziň dü­şü­nip bil­jek ses sig­nal­la­ry­na öwür­mek üçin duý­gur neý­ron­la­ra iber­ýär. Şeý­le­lik­de, eşi­diş ha­dy­sa­sy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy bi­len ses­ler beý­ni­miz­de ýaý­baň­la­nyp, eşit­me pro­se­si ama­la aşy­ryl­ýar.
Biz öz se­si­mi­zi iki gör­nüş­de ka­bul ed­ýä­ris. Bi­rin­ji­si, gep­lä­ni­miz­de eme­le ge­len ses tol­kun­la­ry beý­le­ki ses­ler ýa­ly ho­wa­da ýaý­rap gu­la­gy­my­za gel­ýär. Ikin­ji­si, ses tol­kun­la­ry­ny eme­le ge­tir­ýän ses da­mar­la­ry yr­gyl­da­nyn­da, bu yr­gyl­dy­lar boý­nu­myz­da­ky we kel­lä­miz­dä­ki süňk­ler ta­ra­pyn­dan beý­nä ibe­ril­ýär. Gu­la­gy­my­za da­şa­r­dan gel­ýän ses bi­len, özü­miz gep­lä­ni­miz­de, ses da­mar­la­ry ar­ka­ly beý­nä bar­ýan yr­gyl­dy­la­ryň ýy­gy­ly­gy ta­pa­wut­ly bol­ýar. Ýag­ny öz se­si­mi­zi hem içer­den, hem da­şar­dan bir wagt­da eşid­ýä­ris. Ýaz­gy edi­len ses­de be­de­ni­mi­ziň için­den ge­len se­si däl-de, di­ňe ho­wa­dan gel­ýän se­si eşid­ýä­ris. Şol se­bäp­li iki­si baş­ga­ça bol­ýar. Da­şar­dan gel­ýän se­si eşit­mez­lik üçin gu­la­gy­my­zy ýa­pyp gep­lä­ni­miz­de hem se­si­mi­ziň bir­ne­me üýt­gän­di­gi­ne göz ýetirersiňiz.
Ses şöh­le­den mil­li­on es­sä ba­ra­bar ýu­waş he­re­ket ed­ýär. Şol se­bäp­li gök güm­mür­di­si­niň se­si­ni ýyl­dy­rym ça­ka­nyn­dan soň­ra eşid­ýä­ris.