Iň uly deňiz jandarlarynyň biri bolan kitleriň täze görnüşi tapyldy. Meksika aýlagynda tapylan kitiň ululygy 12 metre barabar bolup oňa Deýl Raýs diýlip at goýuldy. Bu jandar kitleriň beýleki görnüşlerinden kelleçanagy bilen tapawutlanýar. Aslynda birnäçe ýyl ozal tapylan jandaryň kitleriň «Bryde» atly görnüşidigi çaklanylýardy. ABŞ-nyň Milli Umman we atmosfera edarasynyň hünärmenleriniň geçiren barlaglarynyň netijesinde onuň aýratyn bir görnüşdigi anyklandy. Geçirilen barlaglarda onuň mundan ozal ylym dünýäsine nämälim bolan aýratyn kitdigi ýüze çykaryldy. Täze görnüşe bu jandary ilkinji tapan deňiz biology Deýl Raýsyň ady berildi. Oňa Raýsyň kiti hem diýilýär. Geçirilen barlagda bu jandarlaryň sanynyň ýüzden hem azdygy anyklandy. Genetika inženeri Patrisiýa Rosel bu jandarlary ýakyndan görmegiň aňsat däldigine ünsi çekýär. Hünärmen ummanyň örän giňdigini, kitleriň dem almak üçin gysga wagtlyk suwuň ýüzüne çykýandygyny we soňra suwa çümüp gidýändigini aýdýar.