Okamaga, öwrenmäge mümkinçilik berýän komp­ýu­ter­ler ta­la­ba­la­ýyk ula­nyl­ma­dyk ýag­da­ýyn­da gö­zü­mi­ze zy­ýan ýe­ti­rip biler. Ýag­ty saç­ýan ek­ran­ly en­jam­la­ryň äh­li­si bel­li ara­ly­gy sak­la­mak we wagt­ly-wag­tyn­da ara­kes­me ber­mek ar­ka­ly ula­nyl­ma­ly. Eý­sem, gö­zü­mi­ziň sag­ly­gy üçin baş­ga nä­me­ler edip bi­le­ris. Ge­liň, göz üçin peý­da­ly iý­mit­le­riň esasylaryny ýatlap geçeliň!
Di­ňe bir göz däl, eý­sem, be­de­ni­mi­ziň äh­li sy­na­la­ry üçin hem ka­da­ly iý­mit­len­mek ze­rur­dyr. Luk­man­lar lýu­te­in, ze­ak­san­tin, sink we se­len ýaly ýokumly maddalara baý bolan iý­mit­le­riň gö­re­ji güýç­len­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Kä­şir: uly adam­la­ryň «kä­şir iý, gö­zü­ňe peý­da­ly» diý­me­gi ýö­ne ýer­den däl­dir. Kä­şi­re mä­mi­şi we sa­ry reň­ki ber­ýän A wi­ta­mi­ni we be­ta­ka­ro­ten gö­züň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar.
ÝAŞYL REŇKLI GÖK ÖNÜMLER: Ys­ma­nak we dür­li gök ot­lar an­ti­ok­si­dant­la­ra baý bo­lup, göz üçin peý­da­ly ha­sap­lan­ýar.

Ýu­murt­ga: ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy lýu­tei­ne we ze­ak­san­ti­ne örän baý bol­ýar. Şeý­le hem onuň dü­zü­min­de gö­zü­ň saglygyny go­ra­ma­ga kö­mek ed­ýän sink mi­ne­ra­ly hem bar.

Ba­dam: dü­zü­min­dä­ki E wi­ta­mi­ni gö­züň gö­re­ji­niň pe­sel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Ýag­ly ba­lyk­lar: de­ňiz­de we süý­ji suw­lar­da ýa­şa­ýan ba­lyk­la­ryň dü­zü­min­de göz­dä­ki ýag kis­lo­ta­sy bo­lup, gö­züň gu­ra­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýan ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýar.

Beý­le­ki iý­mit­ler
Ýo­kar­da ag­za­lan iý­mit­ler­den baş­ga-da süýt, ga­tyk, et, bug­daý, tü­wi, noý­ba, mer­ji­mek ýa­ly dä­ne önüm­le­ri, bak­ja önüm­le­ri, mi­we­ler hem wagt­ly-wag­tyn­da iýil­me­li. Şeý­le hem köp suw iç­me­gi ýat­dan çy­kar­maň! Suw­suz­lyk sag­ly­ga oňaý­syz tä­sir edip, gözüň gu­ramagyna se­bäp bo­lup bi­ler. Sag­dyn bol­mak be­de­ni­mi­ziň äh­li sy­na­la­ry üçin mö­hüm­dir. Mu­ňa iň ze­rur sy­na­myz bo­lan göz hem de­giş­li. Äh­mi­ýet­li za­dy aýap sak­la­mak ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, «Gö­züň gö­re­ji de­ýin go­ra­ma­ly» di­ýip ýö­ne ýe­re aý­dyl­ma­ýar. Siz hem gö­zü­ňi­zi go­ra­ma­gy unut­maň!