Kiçijik horazjyk her gün Güni garşylapdyr. Her säherde haýatyň üstüne böküp münüpdir-de, sesinde baryny edip gygyrmaga durupdyr. Şol wagt hem tokaýlygyň aňyrsyndan altyn şöhleleri bilen lowurdap Gün çykypdyr. Bir gezegem ol adatdakysy ýaly gygyrsa-da gyzaryp dogýan tyllaýy Günüň lowurdysyna derek tokaýdan göterilen çal dumana gözi düşüpdir.
– Güni nireden tapmaly? – diýip, alada galan horazjyk ädigini geýipdir-de, pişigiň öýüne ugrapdyr. Ol pişikden:
– Sen Güni görmediňmi? – diýip sorapdyr.
– Mýa-aw, men bu gün el-ýüzümi ýuwmagy unudypdyryn, belki şonuň üçin Gün öýkeläp dogan däldir – diýip, pişijek mýawlapdyr.
– Wah-waheý, men bolsa bu gün kelemlerimi suwarmandyryn, Gün belki şonuň üçin çykan däldir – diýip, towşanjyk ahmyr edipdir.
Horazjyk olara ynanman gurbaga tarap ugur alypdyr.
«Wak-wak» edip wakgyldan gurbaga:
– Meň günäm bilen Gün çykmady, sebäbi men bu gün öz küýzejigime «Ertiriň haýyrly bolsun!» diýmegi ýadymdan çykarypdyryn – diýipdir.
Horazjyk gurbaga-da ynanman, lapykeç halda öýüne gelipdir. Çaý içmäge oturanda birden düýn ejesini gynandyrany, ondan ötünç soramandygy ýadyna düşüp, derrew ejesine:
– Eje, haýyş edýän, meni bagyşla – diýipdir.
Şol wagt ýalpyldap Gün dogupdyr.
«Ýagşy iş etseň, dünýä ýagtylýar» diýip ýöne ýere aýdylmandyr ahbetin.