18-nji fewralda Belarusyň paýtagty Minskiniň “Pobediteleý” şaýolundaky dolandyryş toplumynda XXVIII halkara kitap ýarmarkasy açyldy. Bu barada ýurduň Maglumat ministrligi habar berdi. 21-nji fewrala çenli dowam etjek bu sergä Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Wenesuela, Germaniýa, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Moldowa, Pakistan, Palestina, Russiýa, Siriýa, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina ýaly 20 ýurduň 281 neşirýat öýi gatnaşdy.
Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda Minsk kitap forumynyň diňe bir ýazyjylar we kitap neşir edýänler üçin däl, eýsem, köp sanly kitap söýüjiler üçin hem möhüm çärä öwrülendigini belleýär. Şeýle hem gutlagda “GDA-na agza ýurtlaryň möhüm neşirleri biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir diýlip, bellenilýär.