Hünärmenler howanyň maýlamagynyň ýene bir sebäbini tapdylar. Täze Zelandiýada geçirilen barlagda 40 müň ýyl ozalky agaçlar öwrenildi. Bilermenler tapylan agaçlaryň halkalaryny has içgin öwrenip, şol döwürler atmosferada radiokarbon partlamasynyň bolup geçendigini anykladylar. Häzirki wagtda hünärmenler dünýäniň demirgazyk polýusynda bolup geçýän hadysalaryň geçen 170 ýylyň dowamynda 9 göterim azalandygyny belleseler-de, geçmişde bolup geçen şeýle tebigy hadysalaryň gaýtalanyp biljekdigini çaklaýarlar. Bu bolsa atmosferanyň klimatynyň düýpli bozulmagyna, magnitli polýuslarynyň ulalmagyna getirýändigini nazara alyp, hünärmenler bu ýagdaýy ýakyndan öwrenýärler.