Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän äh­li döw­let­ler şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­re­şi güýç­len­dir­mek üçin ka­bul edi­len Pa­riž yla­la­şy­gy­ny tas­syk­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň ýol­baş­çy­sy Do­nald Tusk ha­bar ber­di. Gu­ra­ma­nyň mer­ke­zi bi­na­sy­nyň ýer­leş­ýän şä­he­ri bo­lan Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň daş­ky-gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mi­nistr­le­ri­niň no­bat­da­ky mej­li­si bol­dy.
– Äh­li pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bu yla­la­şy­gyň tas­syk­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. Bu yla­la­şyk esa­syn­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­dik – di­ýip, Do­nald Tusk gür­rüň ber­di.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da 2015-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ma­kul­la­nan Pa­riž yla­la­şy­gy­na şu ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­de 175 döw­let gol çek­di. Pa­riž yla­la­şy­gy­nyň güý­je gi­ri­zil­me­gi bi­len äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­ga gar­şy tu­tuş dün­ýä­de bar­ly­şyk­syz gö­reş al­nyp bar­lar. Yla­la­şyk esa­syn­da dö­re­di­len gaz­na­dan ösüp gel­ýän döw­let­le­re ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş alyp bar­mak üçin dür­li gol­daw­lar ber­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu yla­la­şy­gy tas­syk­la­ýan ýurt­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li kö­pel­ýär. Ge­çen hep­dä­niň ýek­şen­be gü­ni, ýag­ny 2-nji okt­ýabr­da Hin­dis­tan Pa­riž yla­la­şy­gy­ny tas­syk­lan 62-nji döw­let bol­dy. Bu ýag­daý şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li yla­la­şy­gyň do­lu­ly­gy­na güý­je gi­ri­zil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şol gün Hin­dis­ta­nyň BMG-niň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li Sa­ýed Ak­ba­rud­din bir ýyl mun­dan ozal, ma­kul­la­nan yla­la­şy­gyň öz ýur­dun­da tas­syk­la­nan­dy­gy ha­kyn­da­ky res­mi­na­ma­ny BMG-niň ýol­baş­çy­la­ry­na gow­şur­dy.
Dün­ýä­de ha­pa gaz­la­ryň 55 gö­te­ri­mi­ni ho­wa gi­ňiş­li­gi­ne goý­ber­ýän 55 ýur­duň Pa­riž yla­la­şy­gy­ny öz ýur­dun­da tas­syk­lan­dan soň­ra bu res­mi­na­ma güý­je gi­rer. Hä­zir­ki wagt­da yla­la­şy­ga go­şu­lan döw­let­ler ha­pa gaz­la­ryň 47,79 gö­te­ri­mi­ni ho­wa goý­ber­ýär.
Mun­dan baş­ga-da Ka­na­da, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy ýa­ly döw­let­le­riň 14-si şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bu yla­la­şy­gy do­ly gol­da­mak­çy. 14 döw­le­tiň ho­wa­ny ha­pa­la­mak­da­ky pa­ýy 12 gö­te­ri­me deň­dir. Şeý­le­lik­de, bir­nä­çe aý­dan ýa-da hep­de­den soň­ra bu yla­la­şy­gyň ka­bul edil­me­gi­niň şa­ýa­dy bo­lup bi­le­ris.