19-njy fewralda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde milli Liderimiziň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri ibermek baradaky teklibi hödürledi.
Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarynda üstünlikli ösýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň strategik häsiýeti aýratyn nygtaldy. Iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyky dostlukly, ynamly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Astrahan welaýatyna ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek barada degişli teklipler taýýarlanyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda öndürilen harytlary Türkmenbaşy-Astrahan ugry boýunça Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämisi bilen ugratmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň halklaryny taryhy taýdan kemala gelen, hoşniýetli erk-isleg, özara ynanyşmak we doganlyk goldawy ýörelgelerine esaslanýan, däbe öwrülen gatnaşyklaryň birleşdirýändigini belledi. Russiýanyň sebitleri we welaýatlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýaty — Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolup, bu sebit bilen dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz RF-niň bu sebitine ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek hakynda teklibi makullap hem-de bu wakanyň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň nobatdaky nyşanyna öwrüljekdigini aýdyp, degişli Buýruga gol çekdi we resminamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde degişli tabşyryklary berdi.