ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San Fransisko şäherindäki 1800-nji ýyllarda “Wiktoriýa” äheňinde gurlan iki gatly jaý 800 metr uzaklyga göçürildi. Ony göçürmek üçin 400 müň dollar çykdajy edildi. Taryhy bina sagatda bir mil tizlik bilen hereket edýän ýörite ýük ulagy arkaly Franklin şaýolyndan Fulton şaýoluna äkidildi. “Englander House” atly jaý göçürilmeden ozal, onuň geçjek ýoly taýýar edildi. Köçäni ýagtylandyrýan çyralar we ýerüsti elektrik geçirijileri wagtlaýynça aýryldy. Käbir awtobuslaryň ugry üýtgedildi. Kerman Morris adyndaky binagärlik edarasy jaýyň göçürilen ýerine 8 gatly täze jaý guruljakdygyny mälim etdi.