Alymlar giň gerimli täze barlaglary geçirip, onuň dowamynda olara Ýeriň Teýýa planetasy bilen gabatlaşmagy netijesinde, bölünip aýrylan Aýyň köp böleginiň gadymy Ýeriň mantiýasynyň jynslaryndan ybaratdygyny ýüze çykarmak başartdy. Gabatlaşma netijesinde, Ýeriň tutuşlygyna diýen ýaly özgerendigini barlag geçirijiler tassyklaýarlar.
ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň hünärmeni Kuna Wana izotoplarda barlag geçirip, Ýeriň we Aýyň materiýasynyň elementleriniň düzüminde tapawudyň bardygyny mälim etdi. Bu bolsa, Ýeriň we Teýýanyň gabatlaşmagynyň hakykatdan hem, planetanyň köp böleginiň bölünip aýrylmagyna sebäp bolandygyny çaklamaga esas döredýär.
Soňky 30 ýylyň dowamynda hünärmenler Teýýa planetasynyň Ýer bilen gabatlaşmagy netijesinde, Aýyň emele gelendigini çak etdiler. Gabatlaşma netijesinde, Teýýanyň we Ýeriň materiýasynyň atylmasy ýüze çykyp, ol materiallardan hem Aý emele gelipdir. Emma şunuň ýaly çaknyşmalarda Aýy düzýän materiallaryň ep-esli bölegi, Teýýadan ybarat bolmaly. Şeýlelikde, Aý Gün ulgamynyň içindäki asman jisimleriniň aglabasyndan tapawutlanyşy ýaly, düzümi boýunça Ýerden hem tapawutlanýar. Ýöne aslynda, Ýeriň we Aýyň düzümi meňzeş. Wananyň sözlerine görä, kosmos hadysasynyň netijesinde, Teýýa Ýeriň mantiýasyna aralaşyp, doly eräpdir we netijede, köp bölegi Teýýa jynslaryndan ybarat bolan Aý emele gelipdir. Wana we onuň kärdeşi Staýn Ýakobs Ýeriň we Aýyň topraklarynyň nusgalaryny barlanlarynda Ýeriň jynsyna garanyňda, Aýyňkyda, 0,04 göterim kaliý elementi köp bolup çykdy.