Ylym-bi­lim we ede­bi­ýat dün­ýä­si­niň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na gow­şu­ryl­ýan No­bel baý­ra­gy­nyň 2016-njy ýyl­da­ky ýe­ňi­ji­le­ri kes­git­le­nip baş­lan­dy. 3-10-njy okt­ýabr ara­ly­gyn­da luk­man­çy­lyk, fi­zi­ka we hi­mi­ýa, yk­dy­sa­dy­ýet, ede­bi­ýat hem-de pa­ra­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­ýär. Bu ba­ra­da No­bel gaz­na­sy­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.

LUK­MAN­ÇY­LYK UG­RU­NYŇ BAÝ­RA­GY
No­bel baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­niň ha­ta­ryn­da il­kin­ji bo­lup, luk­man­çy­lyk ug­ru­nyň ýe­ňi­ji­si kes­git­len­di. Ýa­po­ni­ýa­ly pro­fes­sor Ýo­si­no­ri Osu­mi “au­to­fa­gi­ýa me­ha­niz­mi­ni aç­mak” ba­ra­da­ky işi üçin baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Ol adam be­de­nin­dä­ki öý­jük­le­riň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ba­bat­da köp ýyl­lar­dan bä­ri iş alyp bar­ýar­dy. Bu açyş düw­nük we Par­kin­son ke­se­li­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam eder. Ýa­po­ni­ýa­ly alym 1945-nji ýyl­da Fu­kuo­ka şä­he­rin­de dün­ýä inip­dir. 1974-nji ýyl­da To­kio uni­wer­si­te­tin­de luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry di­ýen alym­lyk de­re­je­si­ni alyp­dyr. Ol öý­jük­le­riň üs­tün­de alyp bar­ýan iş­le­ri bo­ýun­ça köp san­ly baý­rak­la­ra my­na­syp bo­lup­dy. Osu­mi No­bel baý­ra­gy­ny ga­za­nan 25-nji ýa­po­ni­ýa­ly­dyr.
2015-nji ýyl­da luk­man­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na ABŞ-da iş­le­ýän ir­lan­di­ýa­ly Uil­ýam Kemp­bell, ýa­po­ni­ýa­ly pro­fes­sor Sa­to­si Omu­ra we hy­taý­ly yl­my-bar­lag­çy Tu Ýu­ýu my­na­syp bo­lup­dy. Bu alym­lar to­pa­ry pa­ra­zit we gyz­zyr­ma ke­sel­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça tä­ze usul­la­ry oý­lap ta­pyp­dy.
Tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça hä­zi­re çen­li 106 ge­zek luk­man­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne baý­rak­la­r gow­şu­ryl­dy. Bu ugur­da­ky iň ýaş lau­re­at 1923-nji ýyl­da 32 ýa­şyn­da­ky Fre­de­rik Ban­ting bo­lup­dy. Ol in­su­lin bo­ýun­ça açyş edip­di. Luk­man­çy­lyk ug­ru­nyň iň ýa­şu­ly ýe­ňi­ji­si hök­mün­de 1966-njy ýyl­da 87 ýa­şyn­da­ky Peý­ten Ro­us yg­lan edi­lip­di. No­be­liň bu ug­ru­nyň pul baý­ra­gy şu ýyl­da-da ge­çen 3 ýyl­da bol­şy ýa­ly, 8 mil­li­on (932 müň dol­la­ra ba­ra­bar) kro­na deň­dir.

FI­ZI­KA WE HI­MI­ÝA UG­RU­NYŇ ÝE­ŇI­JI­SI
Şu ýy­lyň 4-nji okt­ýab­ryn­da fi­zi­ka we hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça bu baý­ra­ga Žan-Pýer So­waž, Jeýms Freý­zer Stod­dart we Ber­nard Fe­ring my­na­syp bol­dy. Fi­zi­ka ug­ry bo­ýun­ça-da baý­ra­ga 3 alym my­na­syp bol­dy. Olar ABŞ-da iş­le­ýän be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly alym­lar De­wid Tau­less, Dan­kan Hol­deýn we Maýkl Kos­ter­lis­dir.
Şu ýy­lyň 7-nji okt­ýab­ryn­da pa­ra­hat­çy­lyk ug­ru­nyň ýe­ňi­ji­le­ri kes­git­len­di. Bu ugur­da ýe­ňi­ji­ni anyk­la­mak ýe­ňil düş­me­di. Se­bä­bi da­laş­gär­le­riň köp­lü­gi emin­le­ri has oý­lan­dyr­dy. 376 da­laş­gär bo­lup, ola­ryň 148-si jem­gy­ýet­çi­lik we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­dyr. 2016-njy ýyl­da­ky pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy Ko­lum­bi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Hu­an Ma­nu­el San­to­sa öz ýur­dun­da pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin be­ril­di. 2015-nji ýyl­da bu baý­ra­ga Tu­nis­dä­ki mil­li dia­log to­pa­ry my­na­syp bo­lup­dy.
10-njy okt­ýabr­da Stok­golm­da­ky Pa­ty­şa aka­de­mi­ýa­syn­da No­bel hep­de­li­gi yk­dy­sa­dy­ýet ug­ru­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ni kes­git­le­mek da­ba­ra­sy bi­len ta­mam­lan­ýar.
13-nji okt­ýabr­da ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si bel­li bo­lar. Ge­çen ýyl bu baý­ra­ga be­la­rus ýa­zy­jy­sy Swet­la­na Alik­se­ýe­wiç my­na­syp bo­lup­dy.
Her ugur bo­ýun­ça ýö­ri­te to­par dö­re­di­ldi. Şo­la­ra go­wuş­ýan da­laş­gär­le­riň iş­le­ri­niň üs­tün­de bir ýy­lyň do­wa­myn­da iş­le­nil­ýär. Her ýyl sent­ýabr aýyn­da dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň alym­la­ry­na ça­ky­lyk ug­ra­dyl­ýar. Olar hem No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­niň kes­git­len­ýän da­ba­ra­sy­na gat­naş­ýar.
Ýe­ňi­ji­le­riň baý­rak­la­ry 10-njy de­kabr­da baý­ra­gyň esas­lan­dy­ry­jy­sy, şwed oý­lap ta­py­jy­sy, dil­çi, pel­se­pe­çi Alf­red No­be­liň ara­dan çy­kan gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­da gow­şu­ryl­ýar.