ABŞ-nyň Se­na­ty Lin­da To­mas-Grin­fil­di ABŞ-nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li hök­mün­de tas­syk­la­dy. Bu ka­ra­ry 78 se­na­tor ma­kul­lap, 20-si gar­şy çyk­dy. 68 ýaş­ly To­mas-Grin­fild ýurtda dip­lo­mat hökmünde giňden tanalýar. Ol dip­lo­ma­tik gul­luk­da 1982-nji ýyl­da işe baş­la­dy. Döw­let gul­lu­gyn­dan git­mez­den ozal, ABŞ-nyň Döw­let de­par­ta­men­tin­de jo­gap­kär we­zi­pe­ler­de iş­le­di. 2008-2012-nji ýyl­lar­da Ame­ri­ka­nyň Li­be­ri­ýa­da­ky il­çi­si bol­dy. 2013-2017-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Döw­let sek­re­ta­ry­nyň Af­ri­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça kö­mek­çi­si bo­lup iş­le­di. 2017-nji ýyl­da Res­pub­li­kan par­ti­ýa we­kil­çi­lik ed­ýän Pre­zi­dent Do­nald Tram­pyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ABŞ-nyň öň­ki ad­mi­nist­ra­si­ýa­syn­dan çe­kil­di. Şon­dan soň, Wa­şing­to­ndaky maslahat beriş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Albright Stonebridge» to­pa­ry­nyň uly wi­se-pre­zi­den­ti wezipesinde işledi.
ABŞ-nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den To­mas-Grin­fil­di ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ABŞ-nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­di. ABŞ-da bu we­zi­pä­ni eýe­le­ýän­ler, adat­ça, Pre­zi­dent Ka­bi­ne­ti­niň hem ag­za­sy bol­ýar. Jo­zef Baý­den da­şa­ry sy­ýa­sat meseleleri bo­ýun­ça To­mas-Grin­fil­diň pi­kir­le­ri bi­len içgin gy­zyk­lan­ýan­dy­gy aýdyp, onuň Ka­bi­ne­tiň ag­za­sy de­re­je­si­ne eýe bol­jak­dy­gy­ny belledi.