Kanadanyň Manitoba welaýatynyň Winnipeg şäherinde dünýäniň iň uly buz labirinti açyldy. Çagalar üçin iň gyzykly güýmenjeleriň birine öwrülen labirint alty hepdede gurlupdyr. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen labirintiň meýdany 240 müň fut (22297 m2-e barabar). Bu görkeziji 2019-njy ýylda rekord goýan labirintden iki essä golaý uludyr. Onuň gapdalynda bolsa çagalaryň oýnamagy üçin gardan dagjagaz hem ýasalypdyr. Bu ýeriň körpe myhmanlary diňe labirintiň içinde gizlenpeçek oýnamak bilen çäklenmän, eýsem, ýörite gurlan depejikden typmak, garadam ýasamak bilen hem wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Winnipeg şäheriniň golaýyndaky Sankt Adolf atly ýerde bolsa soňky 21 ýyldan bäri dünýäniň iň uly mekgejöwen labirinti döredilýär.
Gar labirintini taýýarlan Klint Masse bu ýylky labirintiň geçen ýyllardakydan tapawutlylykda has giň dälizleriniň we boş ýerleriniň bardygyny, içinde azaşan myhmanlar üçin aňsat çykalgalaryň göz öňünde tutulandygyny we bu çykalgalaryň her 10 minutlyk ýoldan soňra gabat gelýändigini aýdýar. Labirintiň 14-nji marta çenli açyk boljakdygy habar berildi.
Gardan we buzdan edilen labirintler dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem gurulýar. 2016-njy ýylda Polşanyň Zakopane şäherinde hem şeýle labirint gurlupdy. Rekordlar kitabyna adyny ýazdyran bu labirintiň üsti ýapyk geçelgeleri, gala diwarlaryna meňzeş köprüleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrypdy.