Ýylyň dowamynda tebigatda dürli hadysalar bolup geçýär. Dag tebigaty gözelliklere we täsinliklere örän baý hasaplanýar. Käbir daglaryň gerişleri tokaý bilen örtülen bolsa, ýerden ýüzlerçe metr belentlikdäki kölleri bilen belli bolan daglar hem bar. Käbir daglaryň bir tarapynda al-ýaşyl otlar öwsüp otyr, emma beýleki tarapynda bolsa guraklyk agdyklyk edýär. Eýsem, bu hadysa näme sebäpden emele gelýärkä? Geliň, bilelikde öwreneliň!
Bu ýagdaý diňe daglarda däl, eýsem, alaňlarda hem gabat gelýär. Depäniň güneý tarapy gurak, guzaý tarapy otly bolýar. Meteorologiýa ylmynda düşündirilişine görä, dagyň bir tarapynyň gurak, beýleki tarapynyň ösümlik dünýäsine baý bolmagyna şemalyň öwüsýän ugry täsir edýär. Yzygiderli öwüsýän ýel dagyň bir tarapynda buludyň döremegine we netijede ýagynyň ýagmagyna sebäp bolýar. Şeýlelikde, depäniň bir tarapynda baý flora emele gelýär. Bu ýagdaý, esasan, deňziň golaýyndaky ýa-da adalardaky daglarda gabat gelýär. Adatça, ýagyş ýagmaýan, depäniň aňrysyndaky ýapgyda «ýagyş kölegesi» diýilýär. Daglyk ýeriň bu tarapynda ýel öwüsmeýär, sebäbi dag gerişleri ýagyny emele getirýän howa akymynyň geçmegini bökdeýär.
Suratda görkezilişi ýaly, gelýän ýyly we çygly howa, güýçli ýel bilen dagyň depesine çekilýär. Şeýdip heniz dagyň ýokarsyndan geçmänkä ýagyş ýagýar. Dagyň beýikligi howa akymyny saklaýar we çyglylyk dagyň beýleki tarapyna geçip bilmeýär. Diňe dagyň gerşi däl, eýsem, dagyň aňrysyndaky howa akymynyň geçip bilmedik düzlügi hem gurak bolýar.
Tibet platosy ýagyş kölegesiniň iň gowy mysaly hasaplanýar. Ol ýerde ýagyş Gimalaý daglaryndan geçmän dag gerişleriniň gurak galmagyna sebäp bolýar. Hindistandaky Agastýamalaý daglary bolsa Tirunelweli mussonlaryny kesip, «ýagyş kölegesini» döredýär.
Aýjemal GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby.