Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny” ady bilen keçe we keçe önümleriniň sergisi gurnaldy.

Sergide muzeýiň “Maddy gymmatlyklar” gaznasynda goralyp, aýawly saklanylýan keçeler we keçe önümleriniň birnäçe görnüşleri orun tapdy. Bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen düşeklik keçeler, ojakbaşylar, at keçeleri, keçeden ýasalyp gurama nagyşlar bilen bezelen bukjalar, köjümede keşdelenip ýasalan düýe asmalyklary, keçe taýýarlamakda ulanylýan zähmet gurallary bolan ýüň daraklar, dürli reňkler bilen reňklenen ýüňler, pişgeler görkezilip, türkmen zenanynyň keçäni gülläp oturan şekilleri sergä aýratyn gözellik berdi. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň halk suratkeşi Ö. Mämmetnurowyň keçe sungatyna bagyşlap döreden birnäçe nakgaşçylyk eserlerini synlamak örän täsirli boldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen “Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny” atly keçe we keçe önümleriniň sergisini synlan her bir tomaşaçynyň kalbynda, ene-mamalarymyzyň on barmagyndan dörän her bir bir işiň kämilleşip, sungat derejesine ýetirilendigine buýsanç duýgulary döretdi.

Keçe etmek gadymdan bäri däp bolup gelýär. Türkmen keçeleri owadanlygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Nesilme – nesil aşyp sungata öwrülen keçe we keçe önümlerine ene-mamalarymyz özleriniň mähir-yhlaslaryny, ýiti zehinlerini siňdiripdir. Şonuň netijesinde ajaýyp nagyşly, örän berk we nepis keçeler döräpdir. Keçe etmek amaly-haşam sungaty hasaplanýar. Nepis gölli; reňbe-reň öwüsýän, ýumşakdan mylaýym keçeler her bir türkmen öýüniň törüni bezäpdir. Gelen myhmana iň gadyrly ýerden – öýüň töründe ýazylan täze keçäniň üstünden ýer berlipdir. Bu bolsa myhman üçin iň uly hormat hasaplanypdyr.

Keçeden taýýarlanan her bir önüm özüniň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanyp, ilatyň hojalygyny, ýaşaýyş – durmuşyny, maddy medeniýetini içgin öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Irki wagtlar türkmeniň gündelik durmuşynda keçäniň peýdasy örän uly bolupdyr. Keçe türkmen hojalygynda ak öýlerde diňe düşek däl-de, ak öýleriň “eşigi” (serpik, üzük, durluk) hem keçeden edilipdir, gyşyň güni sowukdan, tomsuň güni yssydan goraýan serişde bolupdyr. Pederlerimiziň gürrüň bermeklerinden ugur alsak ak öýleriň daşyna aýlanan ak keçe ýyldyrym çakanda ýiti şöhläni yzyna serpikdirip, öýdäki adamlary ýyldyrym urma howpundan gorapdyr. Dagda–düzde mal bakyp ýören çopan çoluklary, giň meýdanda zähmet çekýän daýhanlary bolsa zäherli mör-möjeklerden gorapdyr. Keçe önümleri ýyly bolýandygy sebäpli, sowuklama kesellerinden goranmakda örän amatly bolupdyr. Olardan aýakgaplara peteklik ýasalypdyr, telpeklere içlik goýlupdyr, çopanlar üçin oýluklar tikilipdir. Şonuň ýaly-da türkmeniň bedew atlary üçin at ýapynjalar, aw tazysy üçin jul taýynlanypdyr.

Türkmen halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, olary ylmy esasda çuňňur öwrenmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek ugrunda edýän aladalary üçin milli mirasymyzy belent derejä galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Akbike Jumaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.