Ynsan söz arkaly oýlandy, aň-düşünjesini daşyna çykardy, sözleşdi. Gören, eşiden zatlary hakda başgalar bilen pikir alyşdy, şeýlelikde, aňy ösdi. Dil ynsana özüniň gören, eşiden zatlaryna bolan garaýşyny, hatda näzik duýgularyny beýan etmäge mümkinçilik berýär. Söz diliniň üm-yşarat arkaly düşünişmekden artykmaçlyklary mundan müňlerçe ýyl ozal ýörite dil hakdaky ylmyň döremegine sebäp bolupdyr. Halkymyzyň öz taryhy ýaly ene dilimiziň-de köp asyrlyk baý taryhy bar. Ol iň gadymy türki dillerden biri hasaplanýar. Türkmen dili özüniň zatlary atlandyrmak, olar hakdaky aň-düşünjäňi beýan etmek, başgalar bilen pikir alyşmak, durmuşdaky nogsanlyklary sözüň kömegi bilen düzetmek, adamzat gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny geljekki nesillere ýetirmek ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryny iki görnüşde: sözleýiş dili hem-de ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär. Halkymyz öz ene diliniň milli özboluşlylygyny saklap gelipdir. Sözlük düzüminiň baýdygy, grammatik gurluşynyň kämildigi, labyzlylygy, täsirliligi jähtden hem ol hiç bir dilden kem däl. Hormatly Prezidentimiz – Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr –  diýýär. Kämilligiň bolsa çägi ýok. Garaşsyzlyk halkymyza diňe syýasy garaşsyzlyk däl, dil garaşsyzlygyny hem berdi. Ene dilimiziň jemgyýetçilik hyzmaty has giňedi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol döwleti edara etmegiň, ylym-bilimiň, çeper edebiýatyň, metbugatyň, radio-telewideniýäniň dili hökmünde täze türkmen jemgyýetiniň öňündäki beýik borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär. Döwür ene dilimiziň jemgyýetçilik hyzmatyny, ulanylyş gerimini görnetin giňeltmegi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz – Her bir döwrüň öz öňe çykarýan talaplary hem çözmeli meseleleri bolýar. XXI asyr tutuş dünýä boýunça alanyňda aňyýet we tehnologik asyrdyr, muny umumylykda ylymlar asyry diýip atlandyrmak dogry bolardy – diýip nygtaýar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň: «Çagaňa dili manysy bilen öwret!» diýen sargydynda-da diliň aňyýeti ösdürmekdäki hyzmatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Aňyýeti ösdürmekde-de, döwrebap bilim alyp, ösen tehnologiýa erk etmekde hem ene dilimiziň ähmiýeti uludyr.

Şemşat Çaryýewa,

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.