Indoneziýanyň demirgazygyndaky Sumatra adasynda Sinabung atly wulkan partlap, töweregine çal reňkli kül buludyny ýaýratdy. Emele gelen lawa akymlary eňňitlerden aşaklygyna guýuldy. Indoneziýanyň wulkanologiýa merkezi geçen ýylyň awgust aýynda hem bu ýerden lawalaryň çogup çykandygyny, soňky 400 ýyl töweregi wagt bäri bolsa bu wulkanyň hereketsizdigini habar berdi. Birnäçe hepde öň wulkanologlar onuň işjeňliginiň artýandygyny görüp başladylar. Medan şäheriniň 60 km günorta-günbatarynda Sinabung Sumatra adasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän işjeň stratowolkandyr (wulkanyň gaty gatlaklardan ybarat bolan görnüşi) hasaplanýar. Deňiz derejesinden wulkanyň beýikligi 2400 metre barabar. Wulkan dört asyrdan soň ilkinji gezek 2010-njy ýylyň 29-njy awgustynda partlapdy.