Onlaýn duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän “Zoom” programmasynyň girdejisi 326 göterim ýokarlanyp, 2,6 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde kompaniýanyň bazar bahasy 120 milliard dollara golaýlady. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda 18,8 milliard dollar bolupdy. Geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli köp adam ýygnaklara, maslahatlara we okuwlara uzakdan gatnaşdy. Kompaniýanyň girdejisi maliýe ýylynyň soňky çärýeginde geçen ýylyň degişli çärýegindäkä garanyňda 369 göterim ýokarlanyp, 882,5 million dollara ýetipdir. Merkezi edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän kompaniýa geljek ýyl girdejisini 43 göterim artdyryp, 3,78 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň “Nasdaq” biržasynda hereket edýän paýnamalary 2-nji mart güni 9,7 göterim gymmatlady. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Erik Ýuanyň baýlygy hem soňky bir ýylda 3,6 milliard dollardan 19,8 milliard dollara çykdy. 1970-nji ýylda Hytaýda dünýä inen Erik Ýuan “Bloomberg”-iň dünýäniň iň gurply adamlarynyň sanawynda 93-nji orny eýeleýär.