Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­rin­den, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi üçin alyp bar­ýan iş­le­rin­de eg­sil­mez yl­ham we güýç al­ýan hal­ky­myz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da uly-uly sep­git­le­re ýet­ýär. Döw­le­ti­miz hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň ýur­duň je­mi içer­ki önü­min­de tut­ýan pa­ýy­ny yzy­gi­der­li art­dyr­ma­gy, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da hem ila­tyň gir­de­ji­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy na­zar­da tut­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­de döw­let gol­da­wy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy­ýet­çi­lik bö­le­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin örän oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk yk­dy­sa­dy bö­le­gin­de içer­ki we da­şar­ky ba­zar­da my­na­syp de­re­je­de bäs­deş­li­ge ukyp­ly mil­li ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň tä­ze nes­li­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge kuw­wat­ly ýar­dam ber­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gin­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň hyz­ma­ty ulu­dyr. Olar ýur­du­my­zyň içer­ki ba­zar­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li taý­ýar önüm­ler bi­len üp­jün et­mek­de we ba­zar bol­çu­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­mek iş­le­rin­de özü­niň sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar­lar.
Şu ýyl ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň, ýag­ny Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 13 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­ni­ler. 17-18-nji mart­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň Ser­gi­ler mer­ke­zin­de türk­men hu­su­sy işe­wür­li­gi­niň ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si ge­çiriler. Ol, adat­ça, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­di­len gü­nü­ne ga­bat ge­ti­ri­ler, şu ýyl­da bir­leş­me özü­niň on üç ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär.
Hu­su­sy pu­da­gyň 170-e go­laý ag­za­sy­nyň bu çä­rä gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ola­ryň için­de oba ho­ja­ly­gy, azyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat önüm­çi­li­gi, gur­lu­şyk, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­nyň we elekt­ro­en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gi, söw­da, sy­ýa­hat, bi­lim, IT-teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, hyz­mat­lar, ulag we lo­gis­ti­ka ul­ga­my, halk se­net­çi­li­gi we beý­le­ki­ler bo­ýun­ça iş­le­ýän hu­su­sy kär­ha­na­lar we ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri bar. Göz­den ge­çi­ri­li­şiň esa­sy mak­sa­dy te­le­ke­çi­le­riň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni, onuň gel­jek­dä­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin ser­gi­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň we da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek üçin ni­ýet­le­nen önüm­le­riň önüm­çi­li­gin­de te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan ula­nyl­ýan in­no­wa­si­on iş­le­nip taý­ýar­la­ma­la­ra aý­ra­tyn üns ber­ler.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2008-nji ýyl­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si iş­jeň öňe bar­ýan işe­wür­lik bi­le­le­şi­gi bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry­nyň sa­ny 23 müň­den gow­rak­dyr, hu­su­sy kär­ha­na­lar­da we te­le­ke­çi­lik işi­niň dür­li pu­dak­la­ryn­da bol­sa müň­ler­çe adam zäh­met çek­ýär. Bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry dür­li pu­dak­la­ry ös­dür­mä­ge, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­da ýo­ka­ry bäs­deş­li­ge uky­by bo­lan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça in­no­wa­si­on önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Olar tä­jir­çi­lik, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti, oba ho­ja­ly­gy, azyk, dok­ma se­na­ga­ty, ti­kin­çi­lik ýa­ly pu­dak­lar­da, me­bel, aýak­gap önüm­çi­li­gin­de we ş.m. ja­nyp­keş zäh­met çek­ýär­ler. Hu­su­sy ul­ga­myň we­kil­le­ri bi­lim, be­den­ter­bi­ýe we sport ugur­la­ry bo­ýun­ça uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar, ma­ha­bat we ne­şir­ýat hyz­mat­la­ry­ny ed­ýär­ler. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry Aş­ga­bat­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da uly gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler, «Awa­za» Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da türk­men de­ňiz dynç alyş zo­la­gy­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­le­re gat­naş­ýar­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si Hy­taý­da, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de we Awst­ri­ýa­da söw­da we­kil­çi­lik­le­ri­ni aç­dy. Onuň we­kil­le­ri da­şa­ry ýurt­lar­da geç­ýän hal­ka­ra ser­gi­le­re we beý­le­ki te­le­ke­çi­lik çä­re­le­ri­ne gat­naş­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň al­tyn gaz­na­sy­na de­ňel­ýän türk­men te­le­ke­çi­le­ri bu gün giň gol­da­wa my­na­syp bol­ýar­lar. Bu bol­sa ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­gi, hu­su­sy­ýet­çi­li­gi öz­gert­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Be­zir­gen RE­JE­POW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň müdiri.