ABŞ-nyň «Aptera Motors» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Gün energiýasy bilen işleýän 3 tekerli ulagyň köpçülikleýin önümçiligine girişmek göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda ulag ulgamynda düýpgöter özgerişlikler amala aşyrylýar. Bir tarapdan, elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligi ýola goýulýan bolsa, beýleki tarapdan, dürli bezeg hem-de tehniki aýratynlykly ulaglar öndürilip, müşderilere ýetirilýär.
Bu ugurda ABŞ-nyň kompaniýasy üýtgeşik bezegdäki ulagyny köp möçberde öndürmegi maksat edinýär. Bu ulag sagatda 100 kilometr tizlige 3,5 sekuntda ýetip bilýär. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 180 kilometr bolup, önümçilik bahasy 24 müň 900 dollara deňdir. Onda 3 inedördül metrlik Gün panelleri oturdyldy. Ulaga oturdylan batareýanyň güýji 1609 kilometr geçmäge mümkinçilik berýär.
Serdar BÄŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.