Ga­dy­my Rim şä­he­ri Pom­pei­de ge­çi­ril­en ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­iň netijesinde bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň I asy­ryn­dan bä­ri abat sak­la­nyp ga­lan paý­tun ta­pyl­dy. Alym­lar mun­dan ozal şeý­le ha­şam­ly be­ze­len paý­tu­nyň üs­tün­den bar­man­dy­lar. Dört ti­gir­li paý­tun­da be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len bir­lik­de uýa­nyň, ýas­syk­la­ryň yz­la­ry we hat­da bug­daý süm­mü­li­niň yzy hem sak­la­nyp ga­lyp­dyr.
Ar­heo­log­lar şä­he­riň ga­dy­my di­wa­ry­nyň aňyr­syn­da ýer­leş­ýän şol bir ýer­den ozal üç sa­ny atyň ga­lyn­dy­la­ry­ny ta­pyp­dy­lar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar bu paý­tu­nyň di­ni däp-des­sur­lar­da ýa-da baý maş­ga­la­la­ryň toý-da­ba­ra­la­ryn­da ula­ny­lan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Köp­san­ly hü­när­men­le­riň gat­na­şan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de bir­nä­çe teh­ni­ki kyn­çy­lyk­lar ýü­ze çy­k­dy. Bu paý­tun hä­zir­ki za­man bi­na­la­ryň ýer­leş­ýän ýe­rin­den al­ty metr çuň­luk­da ta­pyl­dy.
Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­dan bel­li bol­şu­na gö­rä, Pom­pei şä­he­ri bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň 79-njy ýy­ly­nyň 24-nji aw­gus­tyn­da tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly We­zu­wi­ý wul­ka­ny­nyň as­tyn­da gal­ýar. Ita­li­ýa­nyň çäk­le­rin­dä­ki ga­dy­my şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry hä­zir­ki wagt­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gir­ýär. 1748-nji ýyl­da baş­lan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri hä­zir­ki gün­le­re çen­li do­wam edip, şä­he­riň 80 gö­te­ri­me go­laý syr­la­ry­nyň üs­ti açyl­dy.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2019-njy ýyl­da dört mil­lio­na go­laý adam ar­heo­lo­gik mu­ze­ýe ba­ryp gö­rüp­dir. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li Ita­li­ýa­nyň iň gö­zel ýer­le­rin­den bi­ri­ne da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň ge­lip gör­me­gi üçin çäk­len­dir­me­ler gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de iş­le­ýän ar­heo­log­lar Pom­pei­niň geç­mi­şi ba­ra­da gür­rüň ber­ýän tä­sin zat­la­ryň üs­tü­ni açyp, ta­ryh­çy­la­ry geň gal­dyr­ýar­lar.