Ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len dag etek­le­rin­de, säh­ra­dyr düz­lük­ler­de al-ýa­şyl ösüm­lik­ler peý­da bo­lup baş­la­dy. Ýa­zyň buş­luk­çy­sy ha­sap­lan­ýan ösüm­lik­le­riň bi­ri hem ço­pan­tel­pekdir. Bu ösüm­li­giň owa­dan gül­le­ri di­ňe gö­zel­lik paý­la­man, eý­sem, sag­lyk üçin hem peý­da­ly­dyr. Ço­pan­tel­pek gü­lün­den taý­ýar­la­nan ça­ýyň te­bi­gy lez­ze­ti bar we bu çaý be­den üçin örän peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Ço­pan­tel­pe­giň gül­le­ri­ni ýyg­na­mak we gu­rat­mak ar­ka­ly taý­ýar­la­nan ça­ýyň dü­zü­min­de ko­fe­in ýok. Bu çaý gök ýa-da ga­ra ça­ýyň de­re­gi­ne hem içil­ýär. Ço­pan­tel­pek ça­ýy­nyň peý­da­lsy dür­li an­ti­ok­si­dant­la­ry öz içi­ne al­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­dyr. Bu an­ti­ok­si­dant­la­ryň kä­bi­ri dür­li ke­sel­le­riň, şol san­da ýü­rek ke­sel­le­ri­niň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu der­man­lyk ça­ýyň sag­ly­ga tä­si­ri ba­ra­da bu ugur­da ge­çi­ri­len yl­my iş­le­riň ne­ti­je­sin­de luk­man­la­ryň ber­ýän kä­bir mas­la­hat­la­ry­ny si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Rahat uka tä­si­ri: ço­pan­tel­pek ça­ýy rahat uklamaga täsir edýän öz­bo­luş­ly iç­gi­dir. Ça­ýyň bu hä­si­ýe­ti ga­dy­my luk­man­çy­lyk amal­la­ryn­dan bä­ri bel­lidir. Bu ösüm­lik­de uku­syz­ly­gy azald­ýan we uky­ny ýo­kar­lan­dyr­ýan, beý­ni­niň bel­li bir re­sep­tor­la­ry bi­len bag­la­nyş­ýan api­ge­nin at­ly an­ti­ok­si­dant bar. Api­ge­ni­niň uku­syz­lyk­dan yzygiderli ejir çek­ýän­ler üçin peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýa­kyn­da 80 ada­my iki to­pa­ra böl­mek we bir to­pa­ra iki hep­dä­niň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li ço­pan­tel­pek ça­ýy­ny içir­mek ar­ka­ly bar­lag ge­çi­ril­di. Ne­ti­je­de, ço­pan­tel­pek ça­ýy­ny içen to­pa­ryň, bu ça­ýy iç­me­dik to­par bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, has go­wy uk­lan­dyk­la­ry ha­sa­ba alyn­dy.
Iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na tä­si­ri: içe­ge­ler be­de­niň ikin­ji beý­ni­si­ne meň­ze­ýär, şo­nuň üçin hem iý­mit siň­di­riş ul­ga­my sag­lyk üçin örän mö­hüm­dir. Bu der­man­lyk çaý, adat­ça, ýü­rek bu­lan­ma we dür­li iý­mit siň­di­riş ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek üçin ula­nyl­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de aş­ga­zan-içe­ge ke­sel­le­ri­niň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny azalt­mak­da ço­pan­tel­pe­giň peý­da­ly­dy­gy anyk­lan­dy. Haý­wan­la­ryň bir­nä­çe­sin­de ço­pan­tel­pek ösüm­li­gi­niň su­wa ezi­lip taý­ýar­la­nan taý­ýar su­wy bi­len ge­çi­ri­len barlaglarda iç­geç­me ke­se­lin­den go­ra­mak müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ço­pan­tel­pek aş­ga­za­nyň kis­lo­ta­sy­ny azal­dyp, ýa­ra­nyň ös­me­gi­ne go­şant goş­ýan bak­te­ri­ýa­la­ryň kö­pel­me­gi­ni tog­tat­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Gan şe­ke­ri­ne ýe­tir­ýän tä­si­ri: bu ça­ýy iç­mek ga­nyň dü­zü­min­dä­ki şe­ke­riň pe­sel­me­gi­ne kö­mek edip bi­ler. Bu ugur­da 64 adam­da bar­lag ge­çi­ril­di. Olar se­kiz hep­dä­niň do­wa­myn­da her gün aras­sa agyz su­wu­ny ýa-da ço­pan­tel­pek ça­ýy­ny iç­di­ler. Ne­ti­je­­de, ço­pan­tel­pek ça­ýy­ny iç­ýän­le­riň ga­ny­nyň or­ta­ça şe­ker de­re­je­si­niň suw içenleriňkiden pes­di­gi anyk­lan­dy.
Ýü­rek-da­mar ul­ga­my­na tä­si­ri: gan ba­sy­şy we ho­les­te­rin ýü­rek ke­sel­le­ri­niň mö­hüm ala­mat­la­ry­dyr. Çaý­da go­wy an­ti­ok­si­dant bo­lan fla­wo­nyň bu ala­mat­la­ra nä­hi­li tä­sir ed­ýän­di­gi öw­re­nil­di. Ço­pan­tel­pek ça­ýy­ny yzy­gi­der­li iç­ýän adam­lar­da ho­les­te­ri­niň, trig­li­se­ri­diň we LDL ho­les­te­ri­ni­niň de­re­je­si­niň, suw içen­le­re ga­ra­nyň­da, ep-es­li go­wu­la­şan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Zy­ýan­ly tä­sir­le­ri: Ço­pan­tel­pek ça­ýy­ny iç­mek köp adam üçin tö­wek­gel­çi­lik dö­ret­me­ýär. Ýö­ne ço­pan­tel­pek maş­ga­la­syn­dan bo­lan amb­ro­zi­ýa we hri­zan­te­ma ýa­ly ösüm­lik­le­re al­ler­gi­ýa­sy bar bo­lan adam­lar­da ço­pan­tel­pek al­ler­gi­ýa­sy ýü­ze çy­kyp bi­ler. Şeý­le hem dü­zü­min­de ço­pan­tel­pek go­şun­dy­sy bo­lan kos­me­ti­ki önüm­ler gö­ze düş­se, nerw ul­ga­my­na ze­per ýe­ti­rip bi­ler. Ýaş ça­ga­la­ryň, göw­re­li ýa-da ça­ga em­dir­ýän aýal­la­ryň we kä­bir ke­sel­le­ri bo­lan adam­la­ryň ço­pan­tel­pek ça­ýy­ny iç­mez­den ozal luk­man bi­len mas­la­hat­laş­ma­ly­dy­gy aý­dyl­ýar.
Si­ze we maş­ga­la­ňy­za sag­dynlyk we bag­ty­ýar­lyk ar­zuw ed­ýä­ris!

Hanjar NURGELDIÝEW,
Myrat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň talyby.