Özüniň hoştap howasy bilen ynsan kalbyny joşa getirýän bahar pasly geldi. Daş-töwerek al-ýaşyl güllerden doly. Ynsan güle seredeninde elmydama gözellik görýär. Perzentlerine gül bilen baglanyşykly Çemen, Gunça, Gülälek, Bägül ýaly atlary dakmagy ynsanyň güle bolan söýgüsini aňladýar. Ýagşy arzuwlar aýdylanynda «Gül ýaly durmuşyň bolsun!», «Elleriňe güller bitsin!» diýilmegi adamzat durmuşynyň güller bilen baglanyşyklydygynyň nyşanydyr. Ata-babalarymyz «Adam eli – gyzyl gül» diýmek bilen çekilen zähmetiň netijesinde gowulyga özgeren ýeri güle meňzedipdirler. Talabalaýyk bitirilen işe hem «Gül ýaly bolupdyr» diýilýär.
Zenanlaryň näzikligi, gözelligi ýöne ýere güle deňelmeýär. Dünýäniň islendik künjeginde gülleri ösdürip ýetişdirmegi ýa-da güllerden ýasalan sowgatlyklary almagy halamaýan zenan, megerem, ýok bolsa gerek. Zenanlaryň näme üçin gülleri halaýandygy hakynda pikir edip gördüňizmi? Geliň, bu ugurda geçirilen gözlegleriň netijelerine seredeliň!
Zenanlaryň beýnisiniň ys merkezinde, erkekleriňkä garanyňda, 50 göterim köp ys öýjükleri bar. Şonuň üçin olara gülleriň ysy, erkeklere görä, has köp täsir edýär. Öýünde we iş ýerinde hoşboý ysly gülleri ösdürip ýetişdirmeginiň sebäbi zenanlaryň şu aýratynlygyndan gelip çykýar. Gül ösdürip ýetişdirmek, idetmek we suwlamak zenanlaryň halaýan işi hasaplanýar. Şeýle ýagdaýda zenanlar özlerini has gowy we bagtly duýýarlar.
Zenanlaryň güllere bolan söýgüsi tebigat bilenem baglanyşyklydyr. Güller tebigatyň görküne görk goşýar. Şonuň üçin güllere zenenlaryň tebigata bolan söýgüsiniň beýany hökmünde garalýar. Zenanlaryň sowgat hökmünde gül almagy halamagynyň sebäbi gülleriň tebigy gözelligi bilen bagly. Gül bermek asyrlar boýy söýginiň alamaty hasaplanýar. Şonuň üçin hem zenanlar belli senelerde özüne ýakyn adamlardan güle garaşýarlar.